Seria A: Milan Napolini myhmançylykda uly hasap bilen ýeňdi

Seria A: Milan Napolini myhmançylykda uly hasap bilen ýeňdi

Seria A-nyň häzirki çempiony Milan myhmançylykda Napolini uly hasap bilen ýeňdi. Çempionatyň 28-nji tapgyrynda Neapol şäherindäki Diego Armando Maradona stadionyndan geçirilen duşuşyk milanlylaryň 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşyk Türkmenistan: Sport teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetirildi.

Duşuşykda hasaby ilki bilen 17-nji minutda Rafael Leau açdy. 8 minut soňra ilkinji goluň pasyny beren Braim Dias duşuşykdaky ikinji goly hem geçirdi. 59-njy minutda Leau ýene bir gezek sahna çykdy. Milanyň gol şowy 67-nji minutda ýarym goragçy Aleksis Salemakers bilen tamamlandy.

Utulandygyna garamazdan, Napoli 71 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. Üçünji orundaky Milanda bolsa 51 utuk bar.

Ýene degişli makalalar

“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
Finalda London derbisi
“Arsenal” hem-de PSŽ rekordyň täze eýeleri
Derbilerde ýer eýeleri ýeňiş gazandy
Iki ýyldyz “Awstraliýa Açyga” gatnaşmaz
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary