Maradona aradan çykdy

Golaýda 60 ýaşan Diego Armando Maradona aradan çykdy.Maradona 1960-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Buenos Aýres welaýatynyň çägindäki Lanus şäherinde dünýä inýär. Çagalykdan Dünýä Kubogyna gatnaşmagy hem-de ýeňiş gazanmagy arzuw eden Maradona bu maksadyny amala aşyrýar. 1976-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda professional derejedäki ilkinji duşuşygyny “Argentinios Juniors” klubunda geçiren Maradona soňlugy bilen, bu toparda 5 ýyllyk çykyş edýär. 1981-1982 möwsümini “Boko Huniorsyň”, soňky 2 möwsümde-de “Barselonanyň” köýnekçelerini geýen Maradona 1984-nji ýylda özüne uly şöhrat getiren Italiýanyň “Napoli” toparyna transfer bolýar.

Soňra “Sewilýadyr” “Newell’s Old Boýz” toparlarynyň hersinde 1 möwsüm oýnanyndan soň, “Boko Huniorsa” dolanyp, 2 ýyllap çykyş edýär we 1997-nji ýylda karýerasyny tamamlaýar.Klub futbolynda jemi 588 oýunda 312 gol geçiren Maradona milli ýygyndyda 1977-nji ýylda oýnap başlaýar.

Argentinanyň ýygyndysynda 91 duşuşykda 34 gezek tapawutlanan Maradona 1986-njy ýylda toparynyň Dünýä Kubogyny gazanmagynda esasy roly oýnaýar. Çempionatyň dowamynda geçiren 2 goly welin, entek-entekler ýatdan çykmasa gerek.

Angliýanyň ýygyndysynyň derwezesinden geçiren gollarynyň birinjisinde 7 futbolçyny aldap, ikinjisinde topy eli bilen derwezä girizýär.Hemişe Pele, häzirki wagtda bolsa, Messi bilen deňeşdirilýän Maradona dürli klublara hem-de Argentinanyň ýygyndysyna tälim berdi.

Häzirki wagtda “Himnasia de La Plata” toparynyň tälimçisi bolup işleýän Maradonanyň durmuşy gopgunlardan, dürli wakalardan doly.Edil Pele ýaly Kopa Amerikany gazanyp bilmedik Maradona hem klub futbolynda Argentinanyň (1), Italiýanyň çempionlygyny (2) gazandy.

Ispaniýanyň Şa Kubogyny, Ýewropanyň UEFA Kubogyny Italiýanyň Kubogyny gazanan Maradona şahsy baýraklary sanardan köp.Köplerine görä, futbolyň iň uly ýyldyzy hasaplanýan Maradona özüniň karýerasynda adyny taryha altyn harplar bilen ýazdyrmagy başardy.

Argentinanyň Futbol Federasiýasy bu barada habar berdi.

The post Maradona aradan çykdy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ak lentalaryň astynda gazanylan çempionlyk (Dünýä Kubogy 1978)
Neapolda Maradonanyň hatyrasyna ýadygärlik açyldy
Hudaýyň eli satlyga çykýar
Maradonanyň ägirt suraty peýda boldy
Argentinanyň paýtagtynda Diýego Maradonanyň iň uly suraty peýda boldy
Buenos-Aýresiň halkara howa menzilinde Maradonanyň heýkeli oturdyldy