Hudaýyň eli satlyga çykýar

Hudaýyň eli satlyga çykýar

Diýego Armando Maradona futbolyň taryhyndaky iň güýçli oýunçylaryň biri bolup, onuň bilen baglanyşykly eşiklere we toplara uly isleg bildirilýär. Euronews neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, futbolçynyň 1986-njy ýylyň Dünýä çempionatyndaky Angliýanyň milli ýygyndysynyň derwezesine eli bilen geçiren pökgüsi bäsleşikli söwda arkaly satylar.

Ýatlatsak, şol duşuşygyň emini Ali bin Naser argentinaly futbolçynyň eliniň topa degenini görmändir. Geň ýeri hem, şol top häzir bu eminiň eýeçiliginde saklanýar.

Bäsleşikli söwda şu ýylyň 16-njy noýabrynda geçiriler.

Maradona futbol karýerasynyň dowamynda Arhentinos Huniors, Boka Huniors, Barselona, Napoli, Sewilýa we Nýuels Old Boýz ýaly toparlarda çykyş etdi.

Futbolçy Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 91 duşuşyga gatnaşdy we 34 gezek tapawutlanmagy başardy. Ady rowaýata öwrülen futbolçy 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda dünýäden ötdi.

Ýene degişli makalalar

Neapolda Maradonanyň hatyrasyna ýadygärlik açyldy
Futbolyň ägirdi Diego Maradona aradan çykdy, Argentinada 3 gün ýas yglan edildi
Maradona aradan çykdy
Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplygyň 28 ýyllygy mynasybetli gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Yslam Eýranyň döwleti we halky kanuny hukuklaryndan geçmez