Neapolda Maradonanyň hatyrasyna ýadygärlik açyldy

Neapolda Maradonanyň hatyrasyna ýadygärlik açyldy

Meşhur argentinaly futbolçy Diego Maradona bagyşlanan ýadygärlik Neapolda görkezildi, bu ýerde ol 1980-nji ýyllarda ýerli klub “Napolide” oýnapdy. “RAI-nýus-24” teleýaýlymynyň habar bermegine görä, heýkeltaraş Domenik Sepe tarapyndan ýasalan Maradonanyň heýkeli penşenbe güni, ýagny futbolçynyň ýogalanyna bir ýyl bolan güni açyldy. Muny TASS ýetirýär.

Günüň dowamynda Maradonany oýun wagtynda eli toply şekillendirýän heýkeli geçen ýyl futbolçynyň ölüminden soň, onuň hormatyna atlandyrylan şäher stadionynyň öňünde görmek bolýardy. Bellenilişi ýaly, futbolçynyň hatyrasyna hormat goýmak isleýän şäher häkimligi geljek hepdede ýadygärligiň hemişelik esasda nirede goýuljakdygyny kesgitlemeli.

Penşenbe güni tutuş Neapol boýunça ýatlama çäreleri geçirildi we ol şäheriň merkezi kwartallarynyň birinde fakel ýörişi bilen tamamlandy.

Maradona 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda 61 ýaşynda aradan çykdy.Onuň ölüminiň sebäbi öýkeniň çişmegine getiren ýiti ýürek ýetmezçiligi boldy.Ol 1986-njy ýylda dünýä çempiony bolup, XX asyryň iň gowy futbolçylarynyň biri hasaplanýar.

Maradona Argentinanyň “Arhentinos Huniors”, “Boka Huniors” we “Nýuells Old Boýz”, Ispaniýanyň “Barselona” we “Sewilýa”, şeýle-de Italiýanyň “Napoli” klublarynda oýnady.Argentinaly hüjümçi Italiýanyň çempionatyny we kubogyny, Ispaniýanyň kubogyny we UEFA-nyň kubogyny utdy.

Ol jemi 687 oýna gatnaşdy we 363 gol geçirdi, şol sanda Argentinanyň milli ýygyndysy üçin 113 oýna gatnaşyp, 50 gol geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Italiýada Maradona heýkel dikildi
Futbolyň ägirdi Diego Maradona aradan çykdy, Argentinada 3 gün ýas yglan edildi
Diego Maradona 60 ýaşady
Napoli 33 ýyldan soňra ýene çempion boldy
Türkmenistanyň raýatlarynyň MGIMO girmek baradaky arzalarynyň kabul edişligi açyldy, Türkmenistan Gündogar Aziýa, Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna ýolagçy howa gatnawlaryny açyp biler we beýleki habarlar
Milan iki oýnuň netijesi boýunça Napolini ýeňip, ÝÇL-iň ýarym finalyna ýollanma aldy