Maradona Kubogy duşuşygy geçiriler

Ýewropa futbolynyň hojaýny UEFA bilen Günorta Amerika futbolynyň hojaýny CONMEBOL bilelikde merhum futbolçy Maradonanyň adyny göterýän kubok duşuşygyny geçirmekçi bolýar.Her yklymyň çempionynyň arasynda bir oýun esasynda geçiriljek duşuşyga Maradona Kubogy diýlip at goýlar.

Bu barada “New York Times” gazeti habar berýär.Maradona Kubogynyň ilkinji duşuşygynyň Ýewropanyň çempiony Italiýa bilen Günorta Amerikanyň çempiony Argentinanyň ýygyndylarynyň arasynda oýnalar.Duşuşygy Italiýanyň Neapol şäherindäki Diego Armando Maradona stadionynda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Guramaçylyk bilen baglanyşykly beýleki jikme-jik maglumatlar häzirlikçe belli bolman, bu duşuşygyň diňe 1 gezeklikmi ýa-da mundan soň yzygiderli guraljakdygy hem futbol janköýerlerini içgini gyzyklandyrýar.

Ýene degişli makalalar

Seria A: Milan Napolini myhmançylykda uly hasap bilen ýeňdi
Peläniň aradan çykmagy
Türkmenistanyň raýatlarynyň MGIMO girmek baradaky arzalarynyň kabul edişligi açyldy, Türkmenistan Gündogar Aziýa, Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna ýolagçy howa gatnawlaryny açyp biler we beýleki habarlar
ÝÇL-iň çärýek finaly: Milan Bennaseriň ýeke-täk goly bilen Napolini ýeňdi
Milan iki oýnuň netijesi boýunça Napolini ýeňip, ÝÇL-iň ýarym finalyna ýollanma aldy
4 ýyl öň şu gün…