Milan iki oýnuň netijesi boýunça Napolini ýeňip, ÝÇL-iň ýarym finalyna ýollanma aldy

Milan iki oýnuň netijesi boýunça Napolini ýeňip, ÝÇL-iň ýarym finalyna ýollanma aldy

Milan Ýewropa çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynyň jogap oýnunda myhmançylykda Napoli bilen deň oýnady. Neapol şäherindäki Diýego Armando Maradona stadionynda geçirilen oýun 1:1 hasabynda tamamlandy.

Oýnuň 43-nji minutynda Oliwýe Žiru Milany hasapda öňe çykardy. 93-nji minutda bolsa Napoliniň hüjümçisi Wiktor Osimhen hasaby deňledi. Duşuşygyň dowamynda Žiru we Hwiça Kwarasheliýa penaltini dürs ýerine ýetirip bilmedi. Toparlaryň arasyndaky deslapky oýunda 1:0 hasabynda Stefano Pioliniň şägirtleri ýeňiş gazanypdylar. Şeýlelik bilen, Milan birinji oýundaky ýeňşiniň hasabyna ýarym final ýollanmasyna eýe çykdy.

Milan ýarym finalda Inter — Benfika jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.

Ýeri gelende bellesek, ÝÇL-iň şu möwsümdäki finaly 10-njy iýunda Stambul şäherindäki Olimpiýa stadionynda oýnalar. Ýaryşyň häzirki çempiony Madridiň Real toparydyr.

Ýene degişli makalalar

3-nji gezek Super Kubogy eýeledi
ÝÇL-iň çärýek finaly: Milan Bennaseriň ýeke-täk goly bilen Napolini ýeňdi
Seria A: Milan Napolini myhmançylykda uly hasap bilen ýeňdi
4 ýyl öň şu gün…
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Çempionlar Ligasynda ýylyň soňky oýunlary “Real” “Mançester Sitini”, “Inter” “Liwerpuly” kabul edýär