ÝÇL-iň çärýek finaly: Milan Bennaseriň ýeke-täk goly bilen Napolini ýeňdi

ÝÇL-iň çärýek finaly: Milan Bennaseriň ýeke-täk goly bilen Napolini ýeňdi

Ýewropa çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynyň deslapky oýnunda Milan öz öýünde Napolini ýeňmegi başardy. San Siro stadionynda geçirilen oýun 1:0 hasabynda ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykda Milana ýeňiş getiren ýeke-täk gol 40-njy minutda Bennaser tarapyndan derwezä gönükdirildi. Mundan başga-da, oýnuň esasy wakalarynyň hatarynda Napoliniň ýarymgoragçysy Zambo-Agnissanyň 74-nji minutda gyzyl kart bilen jezalandyrylyp, meýdançadan çykarylandygyny bellemek gerek.

Napoli bilen Milanyň arasyndaky jogap oýny 18-nji aprelde Neapol şäherindäki Diýego Armando Maradona stadionynda geçiriler. Bu jübütiň ýeňijisi ýarym finalda Inter — Benfika jübütiniň ýeňijisine garşy meýdança çykar.

Ýene degişli makalalar

3-nji gezek Super Kubogy eýeledi
Milan iki oýnuň netijesi boýunça Napolini ýeňip, ÝÇL-iň ýarym finalyna ýollanma aldy
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Çempionlar Ligasynda ýylyň soňky oýunlary “Real” “Mançester Sitini”, “Inter” “Liwerpuly” kabul edýär
UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
Seria A: Milan Napolini myhmançylykda uly hasap bilen ýeňdi