Bütindünýä bankynyň täze başlygy bellendi

Bütindünýä bankynyň Ýerine ýetiriji direktorlar geňeşi ABŞ-nyň dalaşgäri Ajaý Bangany bankyň başlygy wezipesine saýlady. Maliýe edarasynyň berýän beýanatynda Ajaý Banganyň bankyň 14-nji başlygy bolandygy bellenilýär. Beýanatda Banganyň 2-nji iýundan başlap, 5 ýyllyk möhlet üçin saýlanandygy mälim edildi.

Direktorlar geňeşiniň 2011-nji ýylda bankyň paýdarlary tarapyndan netije gelnen saýlaw prosesine görä başlygy saýlandygy, bu prosesiň aýdyň, laýyklyga daýanýan we aç-açan bolandygy mälim edildi.

Ajaý Banga mundan ozal soňky gezek “General Atlantic”-de başlygyň orunbasary bolup işläpdi. Ozalky ýyllarda bolsa, Banganyň 24 müň töweregi işgäri bolan “Mastercard”-yň başlygy we dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy bolup işländigi habar berildi.

Hindistanda dünýä inen 63 ýaşly Banganyň ABŞ-nyň raýatlygy bar. Bütindünýä bankynyň başlygy Dawid Malpass fewral aýynda 4 ýyldan bäri alyp barýan wezipesinden möhletinden ozal gitjekdigini mälim edipdi. Şonuň yzysüre ABŞ-nyň maliýe ministrligi tarapyndan iýun aýyna çenli boş boljak Bütindünýä bankynyň başlyklygyna dalaşgärleriň sanawynyň gyssagly düzülýändigi habar berlipdi. Şunda dalaşgärleriň howa meselelerindäki garaýyşlary ähmiýetli bolýar.

Bütindünýä bankyna adatça amerikaly ýolbaşçylyk edýär, sebäbi ABŞ bankyň iň uly paýdarydyr. Şeýlelikde, bu ýazylmadyk düzgün we däp ýene-de öňküligine galdy.

Ýene degişli makalalar

Katarda Uzak Möhletli Ylalaşyk Üçin Gepleşikler Geçirilýär
Bütindünýä Banky dünýä jemgyýetçiligini Afrika üns bermäge çagyrdy
Bütindünýä Banky beýleki ýurtlaryň Russiýa bergileriniň artandygyny habar berdi
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Bangkoga uçuşlary amala aşyrar, BMGÖM-niňsebit edarasynyň müdiri iş sapary bilen Türkmenistana geler, Türkmenistanda Täze ýyl nyşanlary bolan dokma önümler çykaryldy we beýleki habarlar
Türkmen awiakompaniýalarynyň Aşgabat — Bangkok uçuşlaryna petekleriň bahasy belli boldy
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Bangkok ugry boýunça howa gatnawlaryny amala aşyrar