Edebiýat boýunça halkara Buker baýragynyň dalaşgärleriniň deslapky sanawy baýragyň resmi saýtynda çap edildi diýip, Gazeta.ru habar berýär.
Sanawa dünýäniň bäş ýurdundan dalaşgärleriniň altysynyň kitaby girizildi. Olaryň hatarynda Kler Kiganyň bary-ýogy 116 sahypadan ybarat bolan Small things like these atly kitaby hem bar, ol eminler toparynyň saýlan iň gysga göwrümli çeper eseridir.
Sanawda şeýle-de Nowaýolet Bulawaýonyň Glory, Alan Garneriň Treacle Walker, Persiwalýa Ewerettanyň The trees, Şehan Karunatilakiniň The seven moons of Maali Almeida we Elizawet Strautyň Oh William! atly kitaplary bar.
