Bulary bilýärmisiňiz?

Möýleriň Günorta Amerikada ýaşaýan bir görnüşi guşlary awlaýar.Onuň agramy 170 grama, uzynlygy 30 santimetre golaý.Arylar 100 gram bal taýýarlamak üçin jemi 46 müň kilometr geçmeli bolýarlar.Ary 0,03 sekuntda bir gezek ganat kakýar.Möjek bir hepdeläp aç gezip bilýär.Pyşbagalar haýal ösýärler we uzak ýaşaýarlar.

Iň uzak ýaşan pyşbaga 189 ýyl ýaşap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdir.Žiraflar iň az uklaýan süýdemdirijidir.Bu jandarlara günde 2-3 sagat uklamak ýeterlik.Ýyly ülkelere uçup gidýän guşlar, gündizine Güne, gijesine ýyldyzlara seredip, gitmeli ugruny kesgitleýärler.Agramy 90 kilograma barabar bolan kengurular 9 metrden gowrak aralyga böküp bilýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giňden bellenildi, Maryda türkmen-eýran sergisi açyldy, Ýylyň parlak ýyldyzy 2023 atly aýdymçylaryň arasyndaky bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar kesgitlendi we beýleki habarlar
Ýylyň iň gowy 10 filmi
ÇOPAN BILEN MÖJEK(Türkmen milli oýny)
Nemes operasy we rus romantizmi: Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň täze konserti
Puşkin adyndaky teatrynyň täze oýny maşgala gymmatlyklary barada
“The Guardian”: iň gowy 100 kitap