ÇOPAN BILEN MÖJEK(Türkmen milli oýny)

Oýun sport meýdançalarynda ýa-da

sport desgasynda oýnalýar

Oýna taýýarlyk. Oýna 10-dan 30-a çenli oýunçy gatnaşyp biler. Oýunçylar bije atyşyp, sanawaç sanaşyp, möjegi we çopany saýlaýarlar. Galan oýunçylar çopanyň goýunlary bolýarlar. Hemme oýunçylar çopanyň yzynda bir-biriniň bilinden tutuşyp, meýdançanyň bir gyrasynda durýarlar. Möjek bolsa meýdançanyň ortasynda durýar.

Oýnuň oýnalyşy. Ýolbaşçynyň rugsady bilen möjek çopana ýüzlenip: “Etek-etek almam bar” diýýär.Onda çopan oňa: “Süri-süri goýnum bar” diýip, jogap berýär we möjekden: “Almaňdan dadyraý!” diýip soraýar.

Onda möjek çopana: “Bir alma bir goýun çalşaly” diýip, teklip edýär. Çopan oňa: “Ýok” diýip razylaşanok. Şondan soň: “Bir goýny aljak” diýip, sürüsine topulýar. Çopan hem oňa: “Hany, aljak bolubam gör!” diýip, möjege garşylyk görkezip başlaýar.

Möjek her dürli hereket edip, sapalak atyp, goýunlaryň düzüminiň iň soňkusyny tutmaga synanyşýar.Goýunlaram oňa tutdurmajak bolşup, saga-sola hereket edýärler.Eger möjek goýunlaryň düzüminiň iň soňkusyny tutup bilse, onda olar ýerlerini çalyşýarlar we oýun täzeden dowam edýär.

Oýnuň düzgünleri:

1. Çopan diňe elini gerip, goýunlary möjekden gorap biler.

2. Mümkin boldugyça oýunçylary möjegiň, çopanyň we düzümiň iň soňky oýunçysynyň ornunda bolar ýaly edip oýnatmaly.

Ýene degişli makalalar

ALABAÝ TÜRKMENIŇ MILLI GYMMATLYGYDYR
Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giňden bellenildi, Maryda türkmen-eýran sergisi açyldy, Ýylyň parlak ýyldyzy 2023 atly aýdymçylaryň arasyndaky bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar kesgitlendi we beýleki habarlar
Nemes operasy we rus romantizmi: Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň täze konserti
Puşkin adyndaky teatrynyň täze oýny maşgala gymmatlyklary barada
Bulary bilýärmisiňiz?
“The Guardian”: iň gowy 100 kitap