“Burungala” Beýik Ýüpek ýolunyň duralgasy

“Burungala” Beýik Ýüpek ýolunyň duralgasy

Geçmişi taryhy wakalara baý ýurdumyzda ata-babalarmyzyň miras goýup giden ençeme taryhy-medeni ýadygärlikleri bar.Häzirki wagtda watanymyzyň gülläp ösýän döwründe taryhy medeni mirasymyzy öwrenmäge, gorap saklamaga we geljekki nesillermize ýetirmäge uly üns berilýär.

Taryhy-medeni ýadygärlikleriň birnäçesi gadymy Sarahs topragynda hem ýerleşýär.Olaryň biride, Beýik ýüpek ýolunyň Sarahs-Merw şahasynyň ugrundaky üçünji duralga, Burungala şäherçesidir.Bu ýadygärligiň häzirki döwürdäki ady Burungala bolsa-da, taryhda Uşturmagak ady bilen belli bolan bu kerwensaraý, Beýik Ýüpek ýolunyň esasy kerwen duralgalarynyň biri bolupdyr.

Uşturmagak sözi arap dilinden terjime edilende “Düýe ýatagy” diýen manyny berýär.Bu kerwensaraýy hem-de şäherçe häzirki Sarahs şäherinden 42 km demirgazyk gündogarda ýerleşýär.Uşdurmagak barada taryhy maglumatlara salgylansak bu şäherçe köp burçly görnüşde gurnalyp, tutýan meýdany 20 ga barabar.

Burungalada geçen asyryň 70-nji ýyllarynda ylmy gazuw-barlag işleri geçirilen döwründe, bu ýerde ýaşan halklaryň diňe bir kulalçylyk, senetçilik, küýzegärçilik bilen meşgul bolman, eýsem ýokary hilli inçeden nepis reňkli dürli görnüşdäki aýna gaplaryny hem ýasandyklary ýüze çykaryldy.

Olary ajaýyp täsin suratlar we nagyşlar bilen bezäpdirler. Şol döwürlerde arhitektura binagärlik gurluşynda diwarlaryň daşky we içki ýüzini bezemek maksady bilen, ullanylýan ýuka diwarly keramiki önümleri hem öndüripdirler.Keramiki önümleri ýasamagyň we olary çylşyrymly nagyşlar bilen bezemegiň inçe syrlaryna eýe bolan ussalara baý bolan Uşturmagak IX-X asyrlarda ösüp kiçeňräk şäher derejesine ýetipdir. Şol döwürler bu ýerde daş-töweregi diňli beýik diwarlar bilen berkidilen rabat döreýär.

Soň rabadyň töwereginde şäher jaýlary salnyp ugraýar.Söwda ýolunyň bu ýerden geçýän bölegi şäheriň esasy köçesine öwrülip ondan kiçijik köçeler bölünip gaýdýar. Şäheriň gündogar böleginde senetçileriň oturýan ýerleri bar.

Günbatarynda we günorta böleginde birnäçe kerwensaraýlar ýerleşipdir.XI asyryň dowamynda XII asyryň birinji ýarymynda şäher iki derwezeli we birnäçe diňli pagsa diwar bilen berkidilipdir.Diwar galdyrylandan soňam şäher ösüp şäherden demirgazyga ýoluň gyrasynda salnan jaýlar 200 m. çenli uzalyp gidipdir. Şäheriň suw üpjünçiligi Tejen derýasyndan gaýdýan Sarahs suw ulgamynyň bir şahasy bilen baglanşykly bolupdyr.

Derýanyň suwynyň möwsümleýin akandygyny göz öňünde tutsak, suwyň kesilen döwürleri guýylardan peýdalanandyklary çak edilýär.Saklanyp galan köne guýylaryň galyndylary muňa şaýatlyk edýär. “Köne Sarahs” taryhy-medeni döwlet goraghanasy.

Ýene degişli makalalar

Gündogaryň beýik akyldary
Türkmen we eýran gümrükçileriniň duşuşygy geçirildi
Türkmen we eýran gümrükçileri Sarahs—Sarahs gümrük nokatlarynda duşuşdylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
Türkmen-rus söwda dolanyşygy 11,6 göterim artdy
Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ylmy jemgyýetçilige mälim bolmadyk golýazmasy tapyldy
Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ylmy jemgyýetçilige mälim bolmadyk golýazmasy tapyldy