Býujet işgärleri palestin halkyna iberilýän haýyr-sahawat kömegine goşant goşmaga mejbur edilýär

Býujet işgärleri palestin halkyna iberilýän haýyr-sahawat kömegine goşant goşmaga mejbur edilýär

Balkan welaýatynyň býujet edaralary öz işgärleriniň dekabr aýy üçin zähmet haklaryndan 10 göterim möçberinde mejbury pul tutup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna geçirmegi meýilleşdirýär. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary degişli maliýe serişdeleri bilen Türkmenistandan palestin halkyna iberilýän ynsanperwer ýardamlara goşant goşulýandygyny aýdýar.

“Ýolbaşçylar eýýäm işgärlerden, olaryň öz islegleri bilen, meýletin ýagdaýda palestin çagalaryna haýyr-sahawat kömegini iberýändikleri barada dilhaty ýazdyryp alýarlar” diýip, balkanly bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Palestinanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek barada buýruga gol çekdi.

Bu ýardamlaryň derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden hem-de beýleki harytlardan ybarat boljakdygy aýdyldy.

Balkanda haýyr-sahawata niýetlenýändigi aýdylýan maliýe serişdeleriniň mejbury tutulmagy býujet işgärlerinde garşylyk döredýär. Ýöne edara ýolbaşçylary “ýokardan berlen tabşyrygyň” berk berjaý edilmegini talap edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan medeniýet pudagynyň işgärleri özleriniň aýlyk haklarynyň 1800 manat möçberinde bolandygyny aýdýarlar. Olar öz aýlyklarynyň onsuz hem maşgala eklemäge ýetmeýändigini aýdýarlar.

Mundan ozal, fewral aýynda Balkan welaýatynyň medeniýet işgärleri Türkiýede bolan ýer sarsgynlarynyň yz ýany, Türkmenistandan Türkiýä iberilen ynsanperwer ýardamlara goşant goşmak üçin, Gurbanguly Berdimuhamedowyň haýyr-sahawat gaznasyna pul geçirmäge mejbur edildiler.

Türkmenistanda iri möçberli haýyr-sahawat işleri soňky ýyllarda tas diňe Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň üsti bilen amal edilýär.

Uruşlardan ýa-da tebigy harasatlardan ejir çekýän daşary ýurt döwletlerine iberilýän ynsanperwer ýardamlar Gurbanguly Berdimuhamedow gaznasy tarapyndan guramalaşdyrylýar.

Özbaşdak iri haýyr-sahawat işlerine goşulmaga synanyşýan raýatlar köplenç çäklendirmelere sezewar edilýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy günbatar Türkmenistanda, fewral aýynda ýer sarsgynlaryndan ejir çeken Türkiýä ynsanperwer ýardam ibermäge synanyşan 10-dan gowrak gurply telekeçiniň özbaşdak ýardamlarynyň häkimiýetler tarapyndan öňüniň alnandygyny habar berýär.

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalaryň işgärlerinden dürli bahanalar bilen yzygiderli görnüşde pul toplanýar. Edara-kärhanalarda prezidentiň portretini çalyşmak, şygarlary çalyşmak, tebigaty goramak we tigir satyn almak ýaly bahanalar ýolbaşçylar tarapyndan býujet işgärlerinden pul toplanylmagyna esas bolup bilýär.

Şeýle tabşyryklardan we mejbury kampaniýalardan boýun gaçyrýan işgärler köplenç halatda haýbatlara we gorkuzmalara sezewar edilýärler.

Hamas jeňçileriniň 7-nji oktýabrda Ysraýyla hüjüm edip, 1400-den gowrak parahat ýaşaýjyny öldürmeginiň hem-de 200-den gowrak adamy zamun almagynyň yz ýany, Ysraýyl döwleti Gaza zolagyna goşun girizdi. Hamas tarapyndan dolandyrylýan Gazanyň saglyk ministrligi Ysraýylyň hüjümlerinde müňlerçe asuda palestinalynyň, şol sanda aýallaryň we çagalaryň öldürilendigini aýdýar.

Hamas ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen söweşiji topar bolup durýar.

Türkmenistanyň daşary işler ministrligi Ýakyn gündogardaky soňky çaknyşyklar boýunça beýanat bermedi. Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri uruşlary agzamaýar.

Mundan ozal, oktýabryň ahyrlarynda türkmen metjitlerinde, toýlarda we sadakalarda mollalar we ýaşulylar ilaty palestinalylaryň hatyrasyna sadaka bermäge çagyryş edipdi.

Biraz öň, 27-nji oktýabrda Marynyň Gurbanguly hajy metjidiniň mollasy dünýäniň dürli künjeginde uruşlaryň dowam edýändigine ünsi çekip, juma namazyny okamaga baran adamlary daşary döwletlerde okaýan ýa işleýän çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmäge çagyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Belarusda berýoza şiresini ýygnaýarlar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Zonguldakda metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Milli öndürijiler — ykdysadyýetiň daýanjy
Garaşsyzlyk müdimilik mukaddeslik!
Halas ediji robot