Çadyr şekilli stadion (Katar 2022-niň stadionlary)

“Al Bayt” stadiony: Çempionatyň açylyş duşuşygynyň geçiriljek ýeri bolan “Al Baýt” stadiony Al Hor (Al Haur hem diýilýär) şäherinde ýerleşýär. Ýörite çempionat üçin gurlan bu desga Katar 2022-niň iň demirgazykdaky stadiony bolup, ol paýtagt Dohadan 35 kilometr uzaklykdadyr. 2014-nji ýylda gurlup başlanan stadionyň gurluşygy 2021-nji ýylda tamamlanýar.

Stadion 60 müň orunlyk bolup, onuň daşky görnüşi arap medeniýetiniň esasy nyşanlarynyň biri bolan çadyry ýadyňa salýar. “Baýt al şa’ar çadyrlaryndan ugur alnyp gurlan stadionyň gurluşygyny Italiýanyň “Webuild S.p.A” atly kompaniýasy alyp bardy.

Bu stadionda çempionatyň açylyş duşuşygy bilen bir hatarda, toparçalaryň 6 duşuşygy geçiriler.Olaryň arasynda Angliýa ABŞ, Ispaniýa Germaniýa, NiderlandlarKatar duşuşyklary hem bar. 1/8 finalyň, çärýekdir ýarym finalyň 1 duşuşygy bu stadionda oýnalar (jemi 9 duşuşyk).

Stadionda kiçeňräk muzeý, 5 ýyldyzly myhmanhana hem ýerleşýär.Stadiona metro bilen barmak bolýar.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Ahaldaky stadionyň gurluşygyna baryp gördi
Braziliýanyň taryhynda ilkinji gezek
Marynyň häkimiýetleri ýagyşda ezilen çäreçileri bir sagatlap öýlerine goýbermediler
Türkmenistan Özbegistana iberilýän tebigy gazyň möçberlerini artdyrmaga taýýardyr, Belawiýa awiakompaniýasynyň ulgamynyň täzelenmegi Türkmenistanda petekleriň satylmagyna täsir etmez, Türkmenistan Hytaýda geçiriljek Ýüpek ýoly sergisiniň hormatly myhm
Köpetdag stadiony dünýäniň iň gowy 100 stadionynyň sanawyna girizildi
Arkadag şäheriniň stadionynda ilkinji duşuşyk geçiriler