Çärýek we ýarym final oýunlary

Çärýek final duşuşyklary barada aýdylanda, 59 ýyllap çempionlyk gazanyp bilmeýän Günorta Koreýanyň ýygyndysy bu arzuwyny ýene-de 4 ýyl yza süýşürmeli boldy.Olar çärýek finalda Katardan Abdulaziz Hatemiň 78-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 10 hasabynda asgyn geldi.

Edil şeýle netije BAE bilen Awstraliýanyň arasyndaky oýunda-da hasaba alnyp, ýer eýeleri taryhynda 3-nji gezek ýarym finala çykdy.Araplara ýeňiş getiren ýeke-täk topy 68-nji minutda Ali Mabhut derwezä girizdi.

Bu iki duşuşykdan 1 gün öň oýnalan oýunlarda Ýaponiýa Wýetnamy 10, Eýran hem Hytaýy 30 hasabynda ýeňipdi.Ýarym finalda Eýran bilen Ýaponiýa duşuşdy. Şol wagta çenli 17 gezek gabatlaşan iki toparyň 18-nji oýnunda Ýaponiýa güýçli garşydaşyny 30 hasabynda ýeňmegi başardy. Ýaponlary 5-nji gezek finala çykaran gollaryň ikisini 56-njy we 67-nji (p) minutlarda Ýuýa Osaka, beýlekisini-de 90+1-nji minutda Genki Haraguçi derwezä girizdi.

Eýranyň ýygyndysy şol duşuşyga çenli derwezesine gol geçirtmän gelýärdi.Bu oýundan soň, Eýranyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Karloş Kueiroş wezipesini taşlady.Iki arap toparynyň arasyndaky beýleki ýarym final duşuşygynda janköýerler 4 goluň şaýady boldular. Şol gollaryň 4-sini hem Kataryň ýygyndysynyň oýunçylary geçirip, olar taryhynda ilkinji gezek finala gadam basdylar.

Her ýarymda 2 gol geçiren katarlylaryň düzüminden 22-nji minutda Bualem Koukhi, 37-nji minutda Almoez Ali, 80-nji minutda Hassan Al-Haýdos hem-de 90+3-nji minutda Hamid Ismail tapawutlandy.

Kataryň ýygyndysy Aziýanyň Kubogy ýaryşynda 6 duşuşykda toruna ýeke gol hem geçirtmän finala çykan ilkinji topar boldy.

Ýene degişli makalalar

5-nji gezek çempionlyk gazanan ilkinji ýygyndy
Hytaýda ýitip barýan iri şahly mallary nusgaladylar
Merkezi Aziýanyň Daşary işler ministrleriniň ýygnagy barada türkmen-hytaý resmileri gürrüň etdiler
Türkmenistan — Hytaý: strategik hyzmatdaşlyk ýoly bilen
Türkmen Hytaý gatnaşyklary ösdürilýär
Ýurdumyza Hytaýyň “CoronaVac” sanjymy getirildi