Çalt ýöremek maslahat berilýär

Ýöremegiň islendik ýaşdaky adam üçin peýdalydygy ozaldan mälimdir.Soňky geçirilen barlaglarda çalt ýöremegiň dürli keselleriň öňüni almakda hem peýdasynyň uludygy ýüze çykaryldy.Bilermenleriň bellemeklerine görä, sagatda alty kilometr tizlik bilen ýöremek köp keseliň öňüni almaga ýardam edýär.

Londonyň Birleşen Patyşalyk kollejiniň hünärmenleriniň hem-de halkara bilermenleriň gatnaşmagynda keselleriň öňüni almak üçin näçe tizlik bilen ýöremelidigi barada barlag geçirildi.Bilermenler 1999-2022-nji ýyllar aralygynda çap edilen, 3-11 ýyl aralygynda geçirilen ylmy barlaglary seljerdiler.

Bu barlaglar Birleşen Patyşalykda, Ýaponiýada we ABŞ-da uly ýaşly 508 müň adamyň arasynda geçirilipdir.

Netijede, sagatda alty kilometr we ondan ýokary tizlik bilen ýöreýänleriň has gujurly, umumy saglyk ýagdaýynyň kadaly bolýandygy ýüze çykaryldy.

Gunça DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Gorkýaryn…
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenji amala aşyrdy hem-de ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy
EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
Türkmenistanyň Prezidenti EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylary gutlady
EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli...