Gorkýaryn…

Gorkýaryn…

Gepleşigimiziň bu sanynda duýgularymyzdan biri hakynda, gorky barasynda söhbet etmekçi. Gorkynyň biologik we psihiki sebäpleri bilen durmuşymyzda eýeleýan ýeri barasynda durup geçip, belli bir zatdan gorkmagy däl, umuman gorky adalgasyny üns merkezine alarys. Eger şeýle bolsa, gorkýaryn, çünki, diýip söze başlalyň….

Gorky, diňe bir adamlaryň däl, beýleki jandarlaryň hem ýaşama we howplardan üstün çykma tapgyrynda esasy orun tutýan reaksiýadyr. Gorky, organizmiň howply ýagdaýlara hüşgär çemeleşmegini goýýar. Bu reaksiýa, howply pursatlarda dessine herekede geçmegi üpjün edýär. Gorky, tebigy goranyş mehanizmidir we jandarlaryň howplardan gaçmagyny ýola goýýar. Ýagny, gorkýarys, çünki ýaşamak isleýäris…

Howp mahalynda organizm dürli reaksiýalary ýüze çykarýar. Mysal üçin adrenalin we nordrenalin ýaly stress gormonlarynyň işlenip çykarylmagy bilen ýüregiň urşy güýçlenýar. Çalt urýan ýürek bedeni kislorod we azyk bilen has çalt iýmitlendirýär, şeýlelikde energiýa sarp etmäge taýýar ýagdaýa getirýär. Şeýle hem gorky mahalynda myşsalardaky dartylma has çeýe hereket etmäge, derlemek bolsa bedeniň ýylylygyny kadalaşdyrmaga şert döredýär.

Gorky, bir toparyň düzümindäki adamlara howplara garşy duýduryş berýär we toparlardaky arkalaşygy artdyrýar. Howply ýagdaýda adamlaryň jemlenşip, bilelikde hereket etmekleri topary görnüşinde goranyş ukybyny artdyrar. Tebigy durmuş üçin biologik goranyşy beýan edýän bu ýagdaý, adamlar üçin hem fiziki hem emosional taýdan degişlidir. Halklar tebigy ýa-da gumanitar howplara garşy arkalaşarlar.

Psihologiýa we pelsepä degişli bolan, esasan alada atlandyrylmaly ýagdaýlar birmeňzeş häsýete eýe hem bolsa, şu günki temamyza degişli däldir. Aşa ýa-da yzgiderli gorkynyň alada kadasyzlyklary ýaly ýarawsyzlyklara sebäp bolýandygyny hem ýatladasymyz gelýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda germaniýaly pianinoçylar Marsel Dorna bilen Ştefan Weýiň konserti geçirildi
OpenAI kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy emeli intellekt bilen bagly duýduryş berdi
Çalt ýöremek maslahat berilýär
Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy Abu-Dabide geçirilýän ADIPEC 2023 halkara sergisinde tanyşdyrylýar
Türkmenistanyň Prezidenti EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylary gutlady
EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara