Türkmenistanyň Prezidenti EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisi öz işine başlady. Bu waka mynasybetli türkmen Lideri oňa gatnaşyjylara Gutlag ýollady. Gutlagda şeýle belenilýär:

Sizi Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Möçberi we ähmiýeti babatda ýokary derejelere eýe bolan bu serginiň guramaçylaryna we oňa gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw edýärin.

EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisiniň Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris diýen şygar astynda geçirilmeginde çuňňur many-mazmun bar.Bu şygar häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, pandemiýadan soňky döwürde dünýä ykdysadyýetini dikeltmekde ähli ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge çagyrýan şygar bolup ýaňlanýar. Şundan ugur alnyp, Bütindünýä sergä gatnaşyjylar tarapyndan anyk teklipler hödürlener. Şol teklipleriň bolsa halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretjekdigine we geljekde hereketleri utgaşdyryp, dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine doly derejede goşulyşmak ugruna eýermek bilen, Halkara sergiler edarasynyň howandarlygynda geçirilýän Bütindünýä EKSPO sergilerine üstünlikli gatnaşyp gelýär. Çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýän ýurdumyzda milli ykdysadyýeti innowasion ýol bilen ösdürmek, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Şundan ugur alyp, EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisinde Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany diýen şygar astynda öz işine başlaýan Türkmenistanyň milli pawilýony hem ata Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýokary senagat we intellektual mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan barada, döwletimiziň ösüşi, ygtybarlylygy hakynda anyk düşünjeleri emele getirmekde uly ähmiýete eýedir.

Biz ýurdumyzyň milli pawilýonynyň mowzugyny Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýip yglan etdik. Çünki Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly atly Kararnamanyň kabul edilmegi ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine işjeň goşulmaga gönükdirilen tagallalarynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan doly goldanýandygynyň ýene-de bir gezek aýdyň subutnamasy boldy.

Bu gün Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uly ösüş mümkinçilikleri bolan, sebit we dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan, durnukly ösýän döwlet hökmünde garşylaýar.

Türkmenistan döwletimiz durmuş-ykdysady ulgamda öz baý tebigy serişdelerinden rejeli peýdalanmakda, içerki mümkinçiliklerini daşary syýasat bilen utgaşdyryp ösdürmekde belent sepgitlere ýetdi.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ägirt uly möçberli we giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gülläp ösüşiň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň mekanyna öwrüldi.

Biz mundan beýläk-de ýurdumyzy ösdürmegiň täze ugurlaryna we taslamalaryna badalga bermek bilen, ähli ugurlarda halkymyzyň ýokary derejeli durmuş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleri dowam etdireris.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giň gerim bilen bellenilýän döwründe geçirilýän EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisinde guralan Türkmenistanyň milli pawilýony bu gün gapysyny giňden açýar. Onda berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşi, halkymyzyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik ýörelgelerine ygrarlydygy, asuda, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň waspy hem-de eşretli durmuşy we ösüşli geljegi nazarlaýan belent maksatlarymyz öz beýanyny tapýar.

Sizi Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýokary derejede guralan Bütindünýä EKSPO — 2020 sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň her biriňize berk jan saglyk, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Ýene degişli makalalar

Türkmen kompaniýalary çagalar üçin harytlaryň sergisine we işewürlik seminaryna çagyrylýar
Türkmenistan EKSPO “Ýüpek ýoly” sergisine gatnaşmaga çagyryldy, Arkadag şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryndan gozgalmaýan emläk satyn almaga karzlary bermegiň Tertibi tassyklandy we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistan “EKSPO-2023 Doha” we “Foodeх Saudi” halkara sergilerine gatnaşar
Türkmenistan "Ekspo-2023 Doha" halkara sergisine gatnaşar, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlary artdyryldy, Koreýanyň gurluşyk kompaniýasy Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär we beýleki habarlar
Ýurdumyzda halkara sergä gatnaşmaga taýýarlyk görülýär
Ýurdumyzda halkara sergä gatnaşmaga taýýarlyk görülýär