Aşgabatda germaniýaly pianinoçylar Marsel Dorna bilen Ştefan Weýiň konserti geçirildi

Aşgabatda germaniýaly pianinoçylar Marsel Dorna bilen Ştefan Weýiň konserti geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Germaniýadan gelen pianinoçylar Marsel Dorna we Ştefan Weýiň konserti geçirildi.

Marsel we Ştefan 27 ýyl bäri bilelikde çykyş edip gelýärler.Olaryň sözlerine görä, olar 100 ýurtda şonuň bilen birlikde Täjigistanda we Gazagystanda jemi 1000 konsert berdiler.Iki sany şadyýan sazanda: Roýaly çalmak asla kyn däl diýýär.

Sahnada pianinoçylaryň ýüzi we elleri görkezilen ekran bar.Marsel we Ştefan çykyşlarynda meşhur aýdym-saz eserlerini düşündirmeklige çalyşýarlar.Olar meşhur Happy birthday to you hitini Ştrausyň Walsy, Rossininiň Sewilýa dellekçisi ýa-da Wiwaldiniň Ýylyň pasyllary eserleri bilen birleşdirýärler.

Olaryň aýdym-sazdaky bu usullary diňleýjilerde oňyn seslenme döredýär.

Konsertiň ahyrynda pianinoçylar Rimskiý-Korsakowyň iň çalt eseri bolan Arynyň uçuşy atly eserini ýerine ýetirdiler. El çarpyşmalar kiparlansoň, Germaniýadan gelen myhmanlar tomaşaçylaryň näme isleýändiklerini soradylar:

Ikinji gezek haýsy eseri täzeden ýerine ýetirmegimizi isleýärsiňiz? Kim haýal çalynýan eseri isleýär? Kim çalt çalynýan eseri isleýär? Çalt çalynýan eseriň tarapdary köp boldy.

Konserte gatnaşan myhmanlar Marsel bilen Ştefanyň aýdym aýdyp, tans edýän şowhunyna tomaşa etdiler. El çarpyşmalar wagtynda sazandalara tahýalar sowgat berildi.

Bu konsertiň Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň çäginde geçirilendigini aýtmak gerek. Onuň guramaçylary GFR-niň Türkmenistandaky Ilçihanasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we teatryň administrasiýasy boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy, Pekinde Türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi, Türkmenistanda aýratyn hyzmatlary üçin Şahsy pensiýa girizildi we beýleki habarlar
Gysga setirlerde: 21-nji fewralyň sport habarlary
Hakan Fidan Ruminiýada Saparda Boldy
Ýeňlişsiz topar galmady
Golaýda tälimçisini çalşan klublar