Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyö Türkiýe-Rumyniýa-Polşa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň maslahaty üçin giden Rumyniýanyň paýtagty Buharset şäherinde rumyn kärdeşi Bogdan Auresku bilen duşuşyk geçirdi.
Mewlüt Çawuşogly Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Strategik hyzmatdaşlygymyzyň 10-njy ýylynda Rumyniýanyň Daşary işler ministri Bogdan Auresku bilen duşuşyk geçirdim" diýip habar berdi.
Iki ýurdyň arasyndaky söwda kuwwadynyň maksatnamasynyň 10 milliard dollardygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň we Rumyniýanyň goranyş senagaty we bilim bilen birlikde biri-birinden tapawutly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürjekdigini aýan etdi.
Mewlüt Çawuşogly rumyn kärdeşini Günorta-gündogar Ýewropa ýurtlary maslahatyna we Antaliýa Diplomatiýa maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.
Beýleki tarapdan Mewlüt Çawuşogly Braziliýanyň Daşary işler ministri Karlos Alberto Franko França bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Çawuşogly we França telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Telefon söhbetdeşliginiň düzümi barada bolsa maglumat berilmedi.
