Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç bilen duşuşyk geçirendigini belläp: "Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy we sebitleýin hyzmatdaşlyk taslamalarymyzy ara alyp maslahatlaşdyk" diýip habar berdi.
Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe Türk Howa ýollar Ýewropa Ligasynyň 2020-2021-nji ýylyň Basketbol möwsümini çempion bolup tamamlan, Anadoly Efes Basketbol toparynyň türgenleri tarapyndan gol goýulan ýörite formany sowgat berdi.
Serbiýanyň Premýer ministri Ana Brnabiç bilen hem duşuşyk geçirendigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Gatnaşyklarymyzyň ähli ugurlaryny ele aldyk. Serbiýada maýa goýan işewür adamlarymyzyň tamalaryny belläp geçdik" diýip habar berdi.
