“Çelsi” kem-kemden çempionlykdan daşlaşýar

Tomusky transfer döwründe ep-esli çykdajy eden we täze möwsüme-de diýseň şowly başlan “Çelsi” kem-kemden çempionlykdan daşlaşýar.Frank Lampardyň tälimçiligindäki topar “Premier Liganyň” 17-nji tapgyrynda “Mançester Sitini” kabul etdi.

Myhmanlaryň üstünliginde geçen oýunda “Mançester Siti” 31 hasabynda ýeňiş gazandy. “Mançester Siti” toparyna ýeňiş getiren gollary 1-nji ýarymda Ilkaý Gündogan (18), Fil Foden (21) hem-de Kewin De Bruýne (34) derweze girizdi. Şeýlelikde, “Çelsi” “Premier Ligada” soňky 6 duşuşykda 4-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Bu ýeňlişden soň kem-kemden çempionlykdan daşlaşyp, 26 utuk bilen 8-nji orunda barýan “Çelsiniň” tälimçisi Frank Lampardyň topardaky geljegi-de owsarlap başlady.

Şeýle-de düýnki oýnalan başga bir oýunda “Lester Siti” myhmançylykda “Nýukasly” Maddison hem-de Tilemansyň gollary bilen 2-1 ýeňip, 3-nji orna beýgeldi.

The post “Çelsi” kem-kemden çempionlykdan daşlaşýar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Mançester Siti” bäş-bäşden çempionlyga barýar
Dünýä Kubogyna 68 gün galdy
“Ýuwentusyň” we “Milanyň” täze tälimçileri
Transfer täzelikleri
“Premier liganyň” täze möwsümi
PSŽ, “Bawariýa” hem-de “Ýuwentus” ikinji tapgyra çykdy