“Premier liganyň” täze möwsümi

Dünýäniň iň gymmatly ligasy bolan Angliýanyň “Premier ligasynyň” täze 28-nji möwsümine, umumylykda Angliýanyň ýokary ligasynyň 120-nji möwsümine badalga berildi. 20 toparyň çykyş edýän ligasy 8 milliard 900 million dollarlyk gymmaty bilen tutuş dünýäde iň köp tomaşa edilýän çempionat hasaplanylýar.

Bu ýyl ozalky ýyllara garanyňda iňlis tälimçileriniň sany az-owlak artdy. 8 kluba ýerli tälimçiler tälim berer. Şeýle-de 3 ispan, 2 portugal, 2 nemes tälimçisi “Premier ligada” işlär.

Bulardan başga-da awstriýaly, argentinaly, çilili, norwegiýaly, Demirgazyk irlandiýaly 1 tälimçi iňlis klublaryny türgenleşdirer. Çempionlygyň dalaşgärleri hökmünde bu ýyl hem çempion “Mançester Siti” bilen “Liwerpul” hasaplanýar. “Mançester Ýunaýted” hem-de Londonyň klublary “Tottenham”, “Arsenal”, Lampardy tälimçilige bellän “Çelsi” hem çempionlygyň beýleki dalaşgärleri hökmünde görkezilýär.

Transfer möwsüminde ýyldyz oýunçylary hataryna goşan “Ewerton”, “West Ham” toparlaryny-da sanawa goşmak bolar. Çempionatyň täze toparlary “Aston Willa”, “Norwiç” hem-de “Şeffild Ýunaýted” bolup, olaryň başdaky ikisi 3, soňkusy-da 12 ýyldan soň, “Premier liga” dolandy.

Möwsümiň ilkinji iň esasy duşuşygy ertir “Mançester Ýunaýted” bilen “Çelsiniň” arasyndaky oýun bolar.

PSŽ ÝENE-DEESASY FAWORITŞeýle-de Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1-e” hem badalga berildi.PSŽ-niň soňky 7 möwsümde 6 çempionlyk gazanan ligasynda altyn medalyň esasy dalaşgäri ýene-de parižliler hasaplanylýar. “Lion”, “Lill”, “Marsel”, geçen möwsümde soňky tapgyrlarda ligada galmagy başaran “Monako” toparlary-da öňdäki orunlar ugrunda göreş alyp bararlar. “Ligue 1-de” möwsümiň öňüsyrasynda 7 topar tälimçisini çalyşdy.

Umuman, 20 toparyň 13-sine fransuzlar tälim berer. “Mets” 1, “Brest” bolsa 6 ýyldan soň “Ligue 1-e” dolanan klublar boldy.

Ýene degişli makalalar

Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Transfere iň köp pul harçlan 10 çempionat
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Iki ýyldyz futbolçy öz yklymyna dolandy
Pep we onuň şägirtleri (makala)
Üç uly çempionata badalga berilýär
Mbappeniň 8-nji sekuntdaky goly we PSŽ-niň 7 golly ýeňşi