Mbappeniň 8-nji sekuntdaky goly we PSŽ-niň 7 golly ýeňşi

Fransiýanyň çempionatynda PSŽ bassyr 3-nji duşuşygynda-da uly hasaply ýeňiş gazandy.Myhmançylykda 2021-nji ýylyň çempiony “Lill” toparyny 7-1 ýeňen PSŽ bu duşuşykda 2 rekorda şärik boldy.

Eýýäm 8-nji sekuntda geçirilen gol Kilian Mbappeni 30 ýyllyk rekorda şärik etdi.Başgaça aýdylanda, Mbappe “Ligue 1”-iň çalt gol geçiren 2 oýunçysynyň biri boldy.Beýlekis “Kan” toparyndan Mişel Rio bolup, ol 1992-nji ýylyň 15-nji fewralynda 8-nji sekuntda tapawutlanyp, rekord goýupdy.

Parižlileriň hökmürowanlygynda geçen oýunda PSŽ-niň gollaryny Mbappe (1, 66, 87), Messi (27), Hakimi (39) hem-de Neýmar (43, 52) geçirdi. “Lill” toparynyň ýeke-täk goluny bolsa, 54-nji minutda Bamba öz adyna ýazdyrdy.

PSŽ topary çempionatda bassyr 3 duşuşykda 5 gol geçirip, bu ugurda “Reýms” toparynyň 70 ýyl ozalky rekordyny gaýtalady. PSŽ 1-nji tapgyrda “Klermony” 5-0, 2-nji tapgyrda “Monpelieni” 5-2 hasabynda ýeňipdi.

Ýene degişli makalalar

Ýeňlişsiz topar galmady
PSŽ häzirlikçe 1-nji orna geçdi
PSŽ-niň 3-nji transferi
Zenanlaryň Dünýä Kubogy
PSŽ-niň 5 goly “Aýaççony” 2-nji liga ugratdy
PSŽ ýeňe-de ýeňildi, aratapawut azalýar