PSŽ häzirlikçe 1-nji orna geçdi

Fransiýanyň çempionatynda 11-nji tapgyryň açylyş duşuşygynda soňky çempion PSŽ topary öz meýdançasynda Monpelie toparyny kabul etdi. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen oýunda parižliler 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Duşuşykda PSŽ toparyna ýeňiş getiren gollary 10-njy minutda Lin Kan-In, 58-nji minutda Zair-Emeri hem-de 66-njy minutda Witinýa geçirdi. 1-3-nji gollaryň pasyny Aşraf Hakimi, 2-nji goluň pasyny bolsa Usman Dembele berdi.

Bu ýeňişden soň, PSŽ 1 oýny artykmaç sanawyň 1-nji basgançagyna beýgeldi.

Ýene degişli makalalar

3 golly 3 utuk
Mbappeniň 8-nji sekuntdaky goly we PSŽ-niň 7 golly ýeňşi
Ýeňlişsiz topar galmady
“Milan” topary “Çelsiniň” fransiýaly hüjümçisini transfer etdi
Professional däl klub ýarym finala çykdy
UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar