Abu-Dabiniň (BAE) Mohammed Bin Zaýed stadionynda futbol boýunça klublaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynyň final duşuşygy boldy. Çelsi bilen Palmeýras toparlarynyň arasynda geçen bu oýunda 2:1 hasabynda iňlis topary ýeňiş gazandy.
Duşuşygyň esasy wagtynyň 55-nji minutynda Romelu Lukaku Çelsi toparyny öňe saýlan bolsa, 64-nji minutda Rafael Weýga 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby deňlemegi başardy.Oýnuň goşmaça wagtynda bolsa Kaý Hawersiň ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy londonyň toparyna ýeňiş getirdi.
Bu Çelsiniň taryhynda dünýä çempionatynda gazanylan ilkinji üstünlik bolup, ol Ýewropanyň bu baýragy alan sekizinji topary hökmünde taryha girdi. Ozal bu arzyly kuboga Madridiň Realy (4 gezek), Barselona (3 gezek), Bawariýa (2 gezek), Milan, Inter hem-de Mançester Ýunaýted (hersi 1 gezek) ýaly toparlar eýe bolupdy.
Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda üçünji orny Müsüriň Al-Ahli topary eýeledi. Ol Saud Arabystanynyň Al-Hilal toparyny 4-0 hasabynda ýeňmegi başardy.
