Çelsi Palmeýrasy ýeňip, Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy

Çelsi Palmeýrasy ýeňip, Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy

Angliýanyň Çelsi futbol kluby futbol boýunça klublaýyn dünýä çempionatynda ilkinji gezek ýeňiş gazandy. Final duşuşygynda Çelsi Braziliýanyň Palmeýras kluby bilen duşuşdy. Duşuşyk Abu-Dabi şäherinde geçirildi.

Oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. Goşmaça wagtda iňlisler öňe saýlanmagy başardylar. Çelsiden gollary Romelu Lukaku (55-nji minut) we Kaý Hawers (117-nji minut), Palmeýrasdan Rafael Weýga (64, pen.) geçirdi. Çelsi 2021-nji ýylda Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Palmeýras bolsa Libertadores Kubogynda ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

Çelsi klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi
UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi
“The Best FIFA” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
Sanawyň lideri üýtgedi, “Ýunaýted” uly hasap bilen ýeňildi
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy