“Çelsi” Lempardy baş tälimçi wezipesinden boşatdy

“Çelsi” Lempardy baş tälimçi wezipesinden boşatdy

Duşenbe güni, 25-nji ýanwarda Londonyň “Çelsi” kluby iňlis hünärmeni Frenk Lempard bilen hyzmatdaşlygyny bes etdi. Bu barada toparyň saýtynda habar berilýär.

Ýatlap geçsek, 42 ýaşly tälimçi “göklere” 2019-njy ýylyň 4-nji iýulynda ýolbaşçy boldy. Premýer-liganyň häzirki möwsüminde topar 29 utuk bilen sekizinji orny eýeleýär. Mundan ozal klubuň “PSŽ” bilen Dortmundyň “Borussiýasyny” türgenleşdiren nemes hünärmeni Tomas Tuheli çagyrmak barada ylalaşandygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt dili Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany synag boldy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy ýene 13 çaganyň operasiýasyny goldady we beýleki habarlar
Poçettino Çelsiniň baş tälimçisi boldy
Barselona Raýo Walýekanony ýeňip, Ispaniýanyň Kubogynyň 1/4 finalyna çykdy
Ähli döwürleriň iň gowy kitaplary
Aýda ulag ýaryşy geçiriler
Kuman Messi we de Ýongy sanawa almady