Barselona 88-nji minutda 0:2 utulyp gelýän halyna, Granadadan üstün çykdy

Barselona 88-nji minutda 0:2 utulyp gelýän halyna, Granadadan üstün çykdy

Barselona Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym final tapgyryna çykdy. Çärýek final duşuşykda katalonlylar myhmançylykda duşuşygyň 88-nji minudyndan 0:2 hasapda utulyp gelýändigine garamazdan, goşmaça wagtda Granadadan üstün çykmagy başardylar (5:3).

Granada arakesmä hasapda öňdeligi saklap çykypdy.Duşuşygyň 33-nji minudynda Kenedi hasaby açdy.Ikinji ýarymyň başynda Roberto Soldado hasaby 2:0 etdi.Emma duşuşyk tamamlanyp gelýärkä Antuan Grizmannyň urgusy derwezäniň ştangasyndan derwezeban Aaron Eskandele degip tora girdi. 92-nji minutda bolsa, Hordi Alba hasaby deňläp, duşuşygy goşmaça wagta geçirdi.

Goşmaça wagtda katalonlylar Grizmannyň ikinji goly bilen öňe saýlandylar, emma üç minutdan soňra Granada Fede Wikonyň penaltini dürs ýerine ýetirmegi bilen hasaby deňledi.Emma duşuşygyň ahyrynda Frenki de Ýong we Hordi Alba (dubl) ýeňiş pökgülerini geçirdiler. Öň, Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym final tapgyryna Almeriýany ýeňen (1:0) Sewilýa, şeýle hem goşmaça wagtda Wilýarealy ýeňen Lewante çykdy.

Ýene degişli makalalar

“Barselonanyň” taryhy ýeňşi
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
Messiniň 400-nji goly
Türkmenistan: Sport bu hepde Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan 15 duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer
“Bitcoin” bilen transfer edilen ilkinji futbolçy
Futbolyň taryhynda ilkinji gezek kripto walýuta bilen transfer amala aşyryldy