“Barselonanyň” taryhy ýeňşi

Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynyň çärýek finalynda Barselona taryhy ýeňiş gazandy.Myhmançylykda Granada bilen duşuşan katalonlar soňky minutlarda hasaby deňläp, goşmaça wagtda ýeňiş gazanmagy başardy. Ýer eýeleri Kenedi (33) we Soldadonyň (47) gollary bilen 2-0 öňe saýlandy.

Duşuşygyň tamamlanmagyna 2 minut galanda, soňky wagtlaryň netijeli hüjümçisi Antuan Grizmann aratapawudy 1-e düşürdi. 90+2-nji minutda-da Ýordi Alba hasaby deňledi. Ýeňiji goşmaça wagtda kesgitlenip, şol 30 minutda-da göreş ýokary depginde dowam etdi. 100-nji minutda Grizmann topary öňe saýlasa-da, 3 minutdan soň Wiko penalti urgusyndan hasaby deňledi. Ýöne hüjümlerini has hem ýygjamlaşdyran “Barselona” 108-nji minutda De Ýonguň goly bilen 4-3 öňe çykdy.

Oýnuň 113-nji minutynda ýene-de Ýordi Alba duşuşyga soňky nokady goýdy. Şeýlelikde, 5-3 hasabynda ýeňiş gazanan Barselona ýarym finalda oýnamaga hukuk gazandy.Duşuşykda “Barselona” 36 urgy geçirip, bu soňky 7 ýyldaky iň ýokary görkeziji hökmünde hasaba alyndy.

Kubok ýaryşynyň çärýek finalynyň beýleki oýunlarynda-da “Lewante” “Wilýarrealy” goşmaça wagtda, “Sewilýa” myhmançylykda “Almeriany” 1-0 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Çärýek final şu gijeki “Betis”“Atletik Bilbao” duşuşygynda soň tamamlanar.

The post “Barselonanyň” taryhy ýeňşi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Barselona 88-nji minutda 0:2 utulyp gelýän halyna, Granadadan üstün çykdy
“Barselonanyň” 31-nji, Messiniň 35-nji kubogy
Messiniň 400-nji goly
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
Super Kubogy “Atletik” eýeledi, Messi gyzyl kart aldy
Barselona Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda Atletikden ýeňildi, Messi oýundan çykaryldy