“Barselonanyň” 31-nji, Messiniň 35-nji kubogy

Ispaniýanyň Şa Kubogynyň finalynda kubogy iň köp eýelän iki topar duşuşdy. Sewilýada oýnalan oýunda “Barselona” topary “Atletik Bilbaony” 4-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Katalonlara uly hasaply bilen ýeňiş getiren gollary Antuan Grizmann (60), Naýjel de Ýong (63) hem-de Lionel Messi (68, 72) derwezä girizdi. Şunlukda, “Barselona” 31-nji gezek Şa

Kubogyny gazandy.Tälimçi Ronald Kuman hem katalonlar bilen ilkinji kubogyny asmana göterdi.Ol “Walensiýada” 2 gezek tapawutlanan Lionel Messi finalda 10-njy goluny geçirip, bu ugurda rekord goýdy.

Ozalky rekord 9 gol bilen Telmo Zarra degişlidi. Şeýle-de Messi “Barselonadaky” 35-nji kubogyny gazandy.Argentinaly ýyldyzyň şu möwsümdäki ähli ýaryşlardaky gollarynyň sany 30-a ýetdi.Ol yzly-yzyna 13 möwsümde azyndan 30 gol geçirdi.

15 günde 2 finalda utuldy

Mundan iki hepde ozal wagty süýşürilen geçen möwsümiň Şa Kubogy ýaryşynyň finalynda “Real Sosiedaddan” utulan “Atletik Bilboa” 15 günde iki final duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy. Şol Bask derbisinde “Atletik” topary “Real Sosiedaddan” 1-0 asgyn gelipdi. Şol duşuşyk hem Sewilýadaky “La Kartuha” stadionyndan oýnalypdy. “Atletik Bilboa” 23 gezek kubogy eýeläp, bu ugurda Barselonadan soň 2-nji orunda barýar.

The post “Barselonanyň” 31-nji, Messiniň 35-nji kubogy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Barselona” ýeňillik, “Real Madrid” kynlyk bilen çärýek finala çykdy
Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
“Barselonanyň” taryhy ýeňşi
“Barselona” goragyny güýçlendirdi
6 ýyldan bäri ne şikes alýar, ne-de kart
Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy