“Barselona” goragyny güýçlendirdi

“La Liganyň” çempiony “Barselona” Ilkaý Gündogandan soň düzümine “Atletik Bilbaonyň” goragçysy Inýigo Martinesi transfer etdi. Şertnamasy tamamlanandygy üçin tölegsiz alnan 31 ýaşyndaky ispan goragçysy täze kluby bilen 2 ýyllyk ylalaşyga gol çekişdi. “Atletik Bilbaodan” öň “Real Sosiedadda” çykyş eden Martines klublarda jemi 469 gezek meýdança çykdy.

Martinesi “Barselonadan” transfer etmek isleýän klublar şertnama laýyklykda 400 million ýewro tölemeli bolarlar.

Ýene degişli makalalar

“Barselona” 10 oýunda 33 gol geçirdi
16 duşuşyk 48 gol
“Barselona” arany açýar
Osimheniň het-trigi
“Albasete” taryhynda ilkinji gezek “Real Madridi” ýeňip, Şa Kubogyndan çykardy
6 ýyldan bäri ne şikes alýar, ne-de kart