6 ýyldan bäri ne şikes alýar, ne-de kart

Bilbao şäheriniň “Atletik” toparynyň ispaniýaly hüjümçisi Iniaki Williams 6 ýyldan bäri “La Ligada” yzygiderlilikde bir duşuşyk hem goýbermän çykyş edip gelýär.Ol soňky gezek 2016-njy ýylyň aprelinde şikesi sebäpli meýdança çykyp bilmändi. Şondan bäri 227 duşuşykda meýdança çykan Iniaki Williams bu ugurda öz rekordyny ösdürmegini dowam edýär.

Ol degişli döwürde ne şikes aldy, ne-de kart sebäpli jerimä düşdi. 27 ýaşly futbolçy şol 227 duşuşygyň 189-synda esasy düzümde meýdança çykdy.Mälim bolşy ýaly, Iniaki Williams geçen ýylyň oktýabr aýynda “La Liganyň” çäginde yzygiderlilikde 202-nji duşuşygyny oýnap, çempionatyň rekordyny täzeläpdi.

Bu ugurda ozalky rekord “Real Sosiedadyň” goragçysy Huan Antonio Larranýaga degişli bolup, ol 1987-1992-nji ýyllar aralygynda bassyr 201 duşuşykda meýdança çykypdy.

Ýene degişli makalalar

Katar 2022 Dünýä Kubogynda çykyş edýän doganlar
Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy
“Barselona” goragyny güýçlendirdi
“Barselonanyň” 31-nji, Messiniň 35-nji kubogy
“Barselona” ýeňillik, “Real Madrid” kynlyk bilen çärýek finala çykdy
Super Kubogy “Atletik” eýeledi, Messi gyzyl kart aldy