“Barselona” ýeňillik, “Real Madrid” kynlyk bilen çärýek finala çykdy

Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynda 1/8 finalda “Barselona” ýeňiş gazanmak juda ýeňil, “Real Madride” bolsa juda kyn düşdi. Iki topar hem myhmançylykda duşuşyp, “Barselona” 3-nji liganyň wekili “Seuta” toparyndan 5-0 üstün çykdy. Katalonlara uly hasaply ýeňiş getiren gollary Rafinýa (41), Lewandowski (50, 90), Fati (70) hem-de Kessi (77) geçirdi.

“Real Madrid” bolsa myhmançylykda “Wilýarreal” bilen duşuşdy. Ýer eýeleri Kapue (4) we Çukwuezeniň (42) gollary esasynda 1-nji ýarymda 2-0 öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik madridliler kynlyk bilenem bolsa ýeňiş gazanmagy başardy. 57-nji minutda Winisius Junior, 69-njy minutda Eder Militao hem-de bu iki gola-da uly goşant goşan, 1-nji goluň pasyny beren Seballos 86-njy minutda “Realyň” adyndan tapawutlanan oýunçylar boldy. “Barselona” bilen “Realdan” öň “Atletiko”, “Sewilýa”, “Walensiýa”, “Atletik Bilbao”, “Osasuna” hem-de “Real Sosiedad” toparlary çärýek finala çykypdy. Çärýek finalyň bijeleri şu gün çekiler we duşuşyklar 24-26-njy ýanwarda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

“Real Madrid” hem utuk, hem-de birinjiligi ýitirdi
Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
“Real Madridde” ýene bir ýyldyz oýunçy şikes aldy
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy
Altyň biri aşaky liga düşer