“Real Madridde” ýene bir ýyldyz oýunçy şikes aldy

Tibo Kurtuadyr Eder Militaodan soň “Real Madridde” ýene bir ýyldyz oýunçy şikes aldy. Çempionatyň çägindäki “Selta” bilen geçirilen oýnuň başlarynda, has takygy 16-njy minutda şikes alan Winisius Junioryň öňümizdäki hepdelerde toparyna kömegi degmez.

Geçirilen lukman barlaglaryndan soň braziliýaly ýyldyz hüjümçiniň 4-6 hepde aralygynda meýdança çykyp bilmejekdigi mälim edildi.Junior şol döwürde “La Ligada” 5, Çempionlar Ligasynda 1 hem-de milli ýygyndydaky duşuşyklaryny goýbermeli bolar. 23 ýaşyndaky ýyldyz oýunçynyň “Real Madridiň” çempionatdaky “Hetafe”, “Real Sosiedad”, “Atletiko”, “Las Palmas” hem-de “Žirona” klublary bilen geçirjek duşuşyklarynda oýnap bilmez.

“Real Madridde” Kurtua bilen Militaonyň möwsümiň ahyrlarynda meýdança dolanmagyna garaşylýar. Täze transfer Arda Güleriň hem öňümizdäki 4-5 hepde toparyna kömegi degmez. Ozaldan şikesi bolan Seballos bilen Mendiniň hem nobatdaky tapgyrda meýdança çykmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

“Barselona” 10 oýunda 33 gol geçirdi
Möwsümdäki 2-nji ýeňlişi
“La Ligada” öňdebaryjylar ýalňyşmady
“Barselona” ýeňiş gazanmak kyn, “Real Madride” bolsa ýeňil düşmedi
“Real Madrid” ýeňiş bilen başlap bilmedi, “Barselona” ilkinji tapgyrda ýeňiş gazandy
Soňky 6 oýunda 2-nji ýeňiş