“Çelsiden” soň “Mançester Ýunaýted” hem…

“Çelsiden” soň “Mançester Ýunaýted” hem…

Angliýanyň “Premier Ligasynda” täze ýylyň ilkinji günlerinde 2 uly klub tälimçisini çalyşdy. Ýagny “Çelsiden” soň “Mançester Ýunaýted” hem tälimçisini ugratdy. “Mançester Ýunaýted” 2024-nji ýylyň noýabrynda bellenen 40 ýaşyndaky (27-nji ýanwarda 41 ýaşaýar) portugaliýaly Ruben Amorimiň tälimçiliginde 63 oýunda 25 ýeňiş gazandy. 23 oýunda utulyp, 15 duşuşykda deňme-deň oýnady. Şu möwsümde 20 tapgyry tamamlanan Angliýanyň çempionatynda “Mançester Ýunaýted” 31 utuk toplap, 6-njy orunda barýar.

Ruben Amorim “Mançester Ýunaýtedden” öň Sporting” toparyny türgenleşdirip, lissabonlylar bilen 2-si çempionlyk jemi 5 kubok gazanypdy. Ol “Sportingden” öňem “Braga” toparyna tälim berip, ýurduň kubogyny eýeläpdi.

“Mançester Ýunaýted” esasy tälimçisini tapýança, topara wagtlaýynça klubuň ozalky oýunçylaryndan Darren Fletçer tälim berer.

Ýene degişli makalalar

“Mançester Ýunaýtediň” täze tälimçisi belli boldy
Dýokereşiň het-trigi “Mançester Sitiniň” ýeňlişsiz seriýasyna soňky nokady goýdy
Ýewropanyň iň gymmat futbolçylarynyň reýtingi düzüldi
Messi we Ronaldu L'Equipe neşiri boýunça 2021-nji ýylyň simwoliki toparyna girmedi
Amazon özüniň ses kömekçisi Alexa-ny Aýa uçurar
Türkiýe we Ermenistan Gepleşikleri Şertsiz Dowam Etdirer