Angliýanyň çempionatynda 25-nji tapgyrda ýatdan çykmajak duşuşyk boldy. 1 oýny artykmaç 1-nji hatarda barýan “Mançester Siti” ýurduň güýçli klublaryndan “Çelsini” 60 hasabynda ýeňip, garşydaşynyň çamalagyny çaşyrdy.
Oýunda 3 gol geçiren Serjio Aguero “Premier ligadaky” het-trikleriniň sanyny 11-e ýetirip, Alan Şireriň rekordy bilen deňleşdi.Bu ýeňliş “Çelsiniň” soňky 28 ýyldaky iň uly hasaply ýeňlişi bolup, londonlylar 1991-nji ýylda “Nottingem Forestden” 70 asgyn gelipdi.
Iki tapgyry deňlikde tamamlan “Liwerpul” öz meýdançasynda “Bornmutyň” torundan jogapsyz 3 pökgi girizdi.Gollary Mane, Wiýnaldum we Salah geçirdi. Şeýle hasap bilen “Fulhamy” utan “Mançester Ýunaýted” 4-nji basgançaga galdy.
Londonyň klublary “Tottenhamdyr” “Arsenal” hem 25-nji tapgyry ýeňiş bilen tamamladylar.Germaniýanyň çempionatynda 1-nji hatarda barýan Dortmundyň “Borussiýasy” öz meýdançasynda “Hoffenhaýmy” kabul edip, garşydaşy bilen 1 utugy paýlaşdy. 30 öňe saýlanan ýer eýeleri soňky 15 minutda 3 gol geçirdip, 1 utuga kaýyl bolmaly boldy. Çempionatda ýene bir duşuşyk hem 33 hasabynda gutardy.
Myhmançylykda “Fraýburg” bilen duşuşan “Wolfsburg” 3 gezek öňe saýlansa-da, olara hasaby saklamak başartmady. “Bawariýa” bolsa, “Şalkeden” 31 üstün çykmagy başardy.Portugaliýanyň çempionatynda 21-nji tapgyryň çäklerinde 2-nji hatarda barýan “Benfika” 16-njy basgançakdaky “Nasional” toparyny 100 (Grimaldo1, Seferowiç 21, 27, Feliks 50, Pizzi 54 p, Ferro 56, Dias 64, Žonas 85, 90, R.
Silwa 88) hasabynda ýeňdi.