Çempionlar ligasynyň formatyna üýtgetmeler girizildi

Çempionlar ligasynyň formatyna üýtgetmeler girizildi

Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşigi (UEFA) futbol boýunça Çempionlar ligasyna giriziljek täze üýtgetmeleri tassyklady. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Futbol ýaryşynyň täze formaty 32-ä derek 36 topary öz içine alýar.Mundan başga-da, oňa gatnaşyjylar hemişekisi ýaly toparlara bölünmez, oňa derek guramaçylar adaty bolmadyk senenamaly bir uly ligany dörederler.

Toparlaryň "hersi bir-biri bilen" formatda oýnamagyna garaşylýar.Pleý-off tapgyryna iň gowy sekiz topar çykar, galanlary bolsa bu hukugy saýlama oýunlary arkaly gazanmaly bolar.Saýlama oýunlaryndan geçip bilmedik meşhur toparlar täze orun alarlar.

Bu formatda her klub has köp oýun oýnar, diýmek, has köp girdeji gazanar.Bu üýtgetmeler Çempionlar ligasynda 2024-nji ýylda täze möwsüm başlamazdan öň amala aşyrylar.

Ýene degişli makalalar

CAFA Futsal Cup-2023-e Türkmenistandan kimler gatnaşýar?
Daşary ýurt dili Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlary üçin hökmany synag boldy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy ýene 13 çaganyň operasiýasyny goldady we beýleki habarlar
Aşgabatda howanyň 0 gradusdan pese düşmegine garaşylýar, Raşid Meredow Moskwada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy, türkmen talyplary SpellingBee bäsleşiginiň ýeňijisi boldular we beýleki habarlar
Hytaýda okamak: Ýönekeý kompaniýasy iň gowy uniwersitetlere we mekdeplere girmäge ýardam edýär
Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bijeleriniň haçan çekiljekdigi belli boldy
Türkmenistanyň futbol boýunça U-23 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine birinji torbadan gatnaşar
Bursada TEKNOFEST-iň çäginde ýaryş geçirilýär