China Southern Airlines 25-nji aprelden Urumçiden Aşgabat şäherine uçuşlary ýola goýar

China Southern Airlines 25-nji aprelden Urumçiden Aşgabat şäherine uçuşlary ýola goýar

Hytaýyň China Southern Airlines awiakompaniýasy 25-nji aprelden Urumçiden (Hytaý) Aşgabat (Türkmenistan) şäherine göni gatnawlaryny dowam etdirer.

Häzirki wagtda petekleriň satuwy elýeterlidir. Başlangyç ýagdaýda uçuşlar hepdede bir gezek — sişenbe güni meýilleşdirilýär. Uçuşlar Boeing 737-800 uçarlarynda amala aşyrylar.

CZ6015 uçuşy sişenbe güni Pekin wagty bilen sagat 22:20-de Urumçiden (URC) ugrar we ýerli wagt bilen 23:30 töweregi Aşgabat şäherine (ASB) geler. Yzyna gaýdyş ýerli wagt bilen sagat 01:00-da Aşgabatdan ugrar we Pekin wagty bilen 07:35-de Urumçi şäherine baryp ýeter.

China Southern Airlines-iň esasy merkezi Hytaýyň Guançžou şäherinde ýerleşýär.

Hytaýyň China Southern Airlines awiakompaniýasy koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň başynda Türkmenistana gatnawlaryny togtatypdy.

China Southern Airlines-iň uçarlary üçin awapetekleri www.csair.com internet sahypasyndan we iOS programmalary arkaly satyn alyp bilersiňiz. Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin petekler China Southern Airlines-iň Aşgabatdaky wekilhanasynda hem elýeterlidir: Magtymguly şaýoly 141/1, Ak altyn myhmanhanasy, ofis 206. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +9931236399.

Ýene degişli makalalar

China Southern Airlines Siandan Aşgabada yzygiderli howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär
China Southern Airlines Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň sanyny köpeldýär
Daşary ýurtlaryň uçarlary Türkmenistanyň howa menzillerine 1,5 müňden gowrak tehniki gonuşlary amala aşyrdylar
Türkmenistan daşary ýurtlar bilen ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar.
China Southern Airlines Siandan Urumçiniň üsti bilen Aşgabada uçuşlary amala aşyryp başlady
Hytaý ýurda gelýän Türkmenistanyň raýatlaryna bildirilýän talaplary üýtgetdi
Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada ylalaşdylar, Aşgabatda klimat ekofestiwaly geçirildi, türk kinematografiýaçylary Gadymy Merwe baryp gördüler we beýleki habar