City Business School satuwlarda gepleşikleri geçirmek boýunça treninge çagyrýar

City Business School satuwlarda gepleşikleri geçirmek boýunça treninge çagyrýar

31-nji ýanwarda sagat 18:30-da Berkarar işewürlik merkezinde Türkmenistandaky City Business School merkeziniň treningi geçiriler. Treningiň spikeri — tejribeli biznes-maslahat beriji hem-de trener Andreý Skopow.

Önümleriň satuwyny artdyrmak üçin müşderiler bilen gepleşikleri geçirmegiň tehnikalaryny özleşdirmek treningi gepleşikleri üstünlikli geçirmegi we has köp satmagy öwrenmek isleýänleriň ählisi üçin niýetlenendir.

Treninge gatnaşyjylara şular gürrüň berler:

Satuwda SPIN tehnikasyny nädip ulanmaly? Müşderiniň zerurlyklaryny nädip kesgitlemeli? Netijeli soraglary nädip gurmaly? Garşylyk bildirmeleri nädip ýeňip geçmeli? Psihologiki durnuklylygyňyzy nädip ýokarlandyrmaly?

Bulardan başga-da, treninge gatnaşyjylar şu bilimleri öwrenerler:

Treningiň tamamlanandan soň, her gatnaşyjy Iş Nokady kompaniýasyndan özboluşly we peýdaly sowgatlary alar. Gatnaşmagyň bahasy — 250 manat. Gatnaşmak üçin hökmany şu salgylanma arkaly hasaba alynmaly.

Ýene degişli makalalar

Birbada dört hytaý filmi dünýä prokatynda öňdeligi eýeledi
Türkmenistanyň ilçisi bilen Hytaý ulag-logistika işewürleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi
Eýranyň Saderat banky türkmen telekeçilerine akreditiw berer
Türkiýäniň Merkezi bankynyň başlygy ilkinji gezek zenan boldy
BAE-niň Premýer-ministriniň gyzy durmuşa çykdy
MiniBoss Business School VR-School taslamasynyň tanyşdyrylyşy bilen tanyşmaga çagyrýar