Dacia Sandero iýul aýynda Ýewropada iň köp satylan awtomobil boldy

Dacia Sandero iýul aýynda Ýewropada iň köp satylan awtomobil boldy

Şu ýylyň iýul aýynda Dacia Sandero ykjam hetçbegi 2008-nji ýylda satylyp başlanandan bäri ilkinji gezek Ýewropa bazarynda iň köp satylýan model boldy.JATO Dynamics gözleg kompaniýasynda bellenilişi ýaly, Dacia Sandero-nyň täze nesliniň çykmagy bilen bu hetçbek Germaniýada (+15%), Rumyniýada (+24%) hyrydarlygyň iň ýokary ösüşini görkezip, Fransiýada we Ispaniýada satuw reýtinglerinde birinji orny eýeledi.

Bu barada autostat.ru habar berýär.

JATO Dynamics-iň maglumatlary boýunça, geçen aý Ýewropada iň köp satylýan model 20446 awtomobil (+6%) görkezijisi bilen Dacia Sandero hetçbegi boldy. Satuw möçberi 19425 birlik (-37%) bolan Volkswagen Golf ikinji orna düşdi. Üçünji orny Toyota Yaris eýeledi bu modeliň satuwy 3% ýokarlanyp, 18858 awtomobile ýetdi.

Onuň yzyndan 17343 alyjy tarapyndan satyn alnan (-8%) Volkswagen Polo gelýär. Liderleriň bäşligini 16496 nusga (-17%) bilen ýaýran Volkswagen T-Roc krossoweri jemleýär.

Şeýle-de, Ýewropada iň köp satylýan modelleriň onlugyna Hyundai Tucson (14883 birlik, +39%), Volkswagen T-Cross (14170, +12%), Dacia Duster (13329, -19%), Fiat Puma (13283, +2%) we Peugeot 2008 (13134, -34%) girdi.

Iýul Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi üçin agyr aý boldy. Täze awtomobilleriň satuwy Germaniýada 25%, Fransiýada 35%, Italiýada 19%, Beýik Britaniýada we Ispaniýada 30% pese gaçdy. Umuman, iýul aýynda Ýewropa bazary 24% pese gaçdy we jemi 967 830 awtomobil satyldy. 2021-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynyň jemi boýunça Ýewropa bazary 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17% ösdi.

Ýene degişli makalalar

“Ýewropada ýylyň awtomobili” adyna dalaşgär modelleriň sanawy düzüldi
Tesla Model 3 sentýabr aýynda ilkinji gezek Ýewropada iň köp satylýan model boldy
Volkswagen Golf Ýewropada iň meşhur awtomobil boldy
Ýewropadaky elektroulag satuwy artýar
Dünýädäki iň uly iki awtoulag öndürijileri birleşdi
“2021-nji ýylda Ýewropada ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi