Däp egin-eşik brendi Aşgabatdaky täze dükanynda baýramçylyk art-kolleksiýasyny tanyşdyrdy

Däp egin-eşik brendi Aşgabatdaky täze dükanynda baýramçylyk art-kolleksiýasyny tanyşdyrdy

Däp haryt nyşanly türkmen egin-eşik brendi Berkarar söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gatynda dükanyny açdy. Täze söwda nokady brendiň Aşgabatdaky üçünji dükanydyr.

Täze söwda gurşawynda alyjylaryň dykgatyna iň soňky geýim nusgalary hem-de Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli döredilen art-kolleksiýanyň egin-eşikleri hödürlener.

Türkmen halkynyň milli däpleriniň hem-de häzirki zaman sungatyň sazlaşygy netijesinde taýýarlanylan täze kolleksiýa özünde galyň flis switşotlary, oňaýly hudi geýimlerini hem-de aýdyň reňkdar köýnekçeleri jemleýär.

Däp brendiniň kolleksiýasynda eksklýuziw şekilleri ulanmaga aýratyn orun berlipdir. Aýratyn-da, baýramçylygyň öňüsyrasynda art-kolleksiýanyň çäklerinde gyşda Türkmenistanda garyň seýrek ýagýandygyny, şeýle hem düýeleri, Aýazbabany we beýleki zatlary alamatlandyrýan şekilli geýimler işlenip taýýarlanyldy.

Belläp geçsek, bu brend 2 ýaşdan 10 ýaş aralygyndaky çagalar üçin hem eşikleri öndürýär. Brendiň Kids kolleksiýasy bilen tanyşmak we çagaňyza gündelik ajaýyp eşikleri satyn almak üçin Berkarar söwda we dynç alyş merkeziniň birinji gatynda ýerleşýän Däp dükanyna baryp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda taýýar biznes satylýar: meşhur brendleriň iki sany egin-eşik dükany satuwa çykaryldy
Afrikanyň iň täsirli üç ýurdunyň biri
Aşgabatdaky EMTOP dükanlary gurluşyk gurallarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär
Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary
Däp haryt nyşanly egin-eşikleriň täze tapgyrynyň tanyşdyryşy geçiriler
Afrikanyň iň täsirli üç ýurdunyň biri