Dana Pyragynyň döredijiliginde

Dana Pyragynyň döredijiliginde

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen XX asyryň ýazyjylary atly söhbetdeşlik geçirdi.Söhbetdeşligiň dowamynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ýaş nesli milli hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemek, olarda arassa ahlaklylyk, halallyk, mertlik, adalatlylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi we göçme kitap sergisi gurnaldy.

Sergide Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlar ýygyndylary hem-de nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlar ýygyndylary ýerleşdirildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasy
Hindistanda Dana deňiz harasaty sebäpli bir milliona golaý raýat göçürilýär
6-njy noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Akyldaryň sarpasy
Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Gysga setirlerde: 15-nji fewralda sport habarlary