Daniýanyň Şa aýaly tiz wagtda tagtdan ýüz öwürmekçidigini yglan etdi

Daniýanyň Şa aýaly tiz wagtda tagtdan ýüz öwürmekçidigini yglan etdi

Daniýanyň Şa aýaly Margrete II özüniň Täze ýyl ýüzlenmesinde 2024-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda, 52 ýyl ýurdy dolandyrandan soňra, tagtdan ýüz öwürmekçidigini yglan etdi. Ýüzlenmäniň teksti Patyşa köşgüniň saýtynda çap edildi. Şa aýalyň pikiriçe, jogapkärçiligi geljek nesle geçirmegiň wagty geldi. Bu barada News.ru ýazýar.

2023-nji ýylyň fewralynda meniň arkamda bejergi aldym, ählisi men barada alada eden lukmanlaryň yhlasy bilen oňat geçdi. Emma operasiýa meni geljek barada oýlanmalara iterdi, men jogapkärçiligi geljek nesillere geçirmek barada netijä geldim. 2024-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda täji oglum Frederige geçirmeli diýen karara geldim diýip, Şa aýaly aýtdy.

Margrete II tagta 1972-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda kakasy patyşa Frederik IX aradan çykandan soň geçdi. Ol Ýewropanyň häzirki monarhlarynyň arasynda iň uzak wagtlap tagt eýesi boldy.

Источник фото: Olumlu Bak, Tatler

Ýene degişli makalalar

Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi
Türkmenistanyň Prezidenti Daniýanyň täze Patyşasyny gutlady
Frederik X Daniýanyň täze Patyşasy boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Daniýanyň Patyşasyny gutlady
Şu minuda çenli Turkmenportal-yň esasy habarlary
Tagtdaky 50-nji ýylyny bellär