Türkmenistanyň Prezidenti Daniýanyň Patyşasyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Daniýanyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Frederik X-a Daniýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Siziň hökümdarlyk etmegiňizde Daniýanyň durmuş-ykdysady babatda ýokary ösüşleri gazanjakdygyna, ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza bolsa täze itergi beriljekdigine ynanýaryn diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Frederik X-a berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Daniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik we gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi
Türkmenistanyň Prezidenti Daniýanyň täze Patyşasyny gutlady
Frederik X Daniýanyň täze Patyşasy boldy
Şu minuda çenli Turkmenportal-yň esasy habarlary
Daniýanyň Şa aýaly tiz wagtda tagtdan ýüz öwürmekçidigini yglan etdi
Nuuk şäheriniň esaslandyrylmagy