Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Le Soir: Düýn Belgiýanyň kenarýaka şäherleri syýahatçylaryň akymyna sezewar boldy: Ýerli häkimler bu ýagdaýyň kabul edilip bilinmejekdigini beýan etdiler.

Le Monde: Kowid-19: Her hepde 100 adamyň 1-iniň koronawirus bilen keselleýän Fransiýanyň Dýunkerk şäherinde we onuň töwereginde hepdäniň ahyrky günleri köçä çykmak gadagan ediler.

Le Figaro: Şweýsariýa 1-nji martdan başlap Kowid-19-a garşy göreşiň çäginde ýapyk bolan dükanlaryň, muzeýleriň we sport desgalaryň eserdeňlikli ýadaýda ýaňadandan açyljakdygyny habar berdi.

Deutsche Welle: Germaniýanyň hökümeti öz-özüňe edip bolýan Kowid-19 testini tassyklady.

Spiegel.de: Germaniýada takmynan 21 million adam koronawirus howpunyň astynda.

ard.de: ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda koronawirusyň mutasiýa sezewar bolan görnüşi hasaba alyndy.

El País (Ispaniýa): Ispaniýanyň Saglygy goraýyş ministrliginden 8-nji mart bilen bagly duýduryşy: Hökümet 8-nji mart Halkara Zenanlar güni mynasybetli Madritde 500-den köp adamyň bir ýere jemlenmegini gadagan etdi.

El Uniwersal (Meksika): ABŞ-nyň Federal Derňew býurosy tussaghanadaky Hoakin Gusmanyň aýaly Emma Koroneli "Sinaloa" atly karteli dolandyrmak bilen günäkärleýär.

La Tersera (Çili): Koronawirusa garşy oýlanyp tapylan Sinopharm sanjymy ýakyn wagtda 3-17 ýaş aralygyndaky çagalarada edip bolar.

Al-Dustour (Iordaniýa): Waşington döwlet maksatnamanyň çäginde palestinalylary goldamaga dowam etjekdigi barada söz berdi.

Al-Kuds Al-Arabi: Öldürilen Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy bilen bagly habarnama şu gün çap edilip biliner we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden şu gün Saud Arabystanynyň Şasy Selman bin Abdülaziz Al-Saud bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup biler.

Al-Kuds Al-Arabi: The New York Times: Siriýada ýoksullyk aşa derejede we zenanlar saçlaryny satmaga başladylar.

Russiýanyň TASS habarlar agentligi: Russiýanyň Goranyş senagaty kärhanasy Rosteh-iň ýolbaşçysy Sergeý Çemezow, Russiýanyň S-400 howa goranyş ulgamlarynyň Türkiýä satmagynyň NATO agza beýleki ýurtlaryň howpsuzlygyna zeper ýetirmeýändigini beýan etdi.

Kommersant Gazedi: Ermenistanyň Baş Ştabynyň 1-nji orunbasary Tiran Haçatran, ýurdyň Premýer ministri Nikol Paşinýanyň Garabag söweşinde Russiýadan alynan "Isgender" raketalarynyň peýdasynyň bolmandygy baradaky sözlerini tankyt edeninden soň wezipesinden çetleşdirildi.

Izwestiya Gazedi: Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow, Russiýanyň dollara bolan garaşlylygyny azatlmalydygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn