Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Prezident Rejep Taýýip Erdogan, siriýaly bosgunlaryň meýletin ýagdaýda ýurtlaryna gaýdyp barmaklaryny goldamak üçin Ýewropa ýurtlaryna çagyryş berdi.

Watan (Oman): Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy: "Koronawirusyň II Jahan urşyndan has erbet psihiki täsiri bar" diýip belledi.

Al-Mustakbal (Liwan): Saud Arabystany düýnden başlap koronawirus epidemiýasy bilen bagly çäklendirmeleri tapgyrlaýyn häsýetde aýyrmak barada karar kabul etdi.

Bild.de: Germaniýada koronawirus sanjym çylşyrymlylygy: Welaýatlar ellerinde millionlarça dozalyk sanjym bolmagyna garamazdan, tehniki ulgamdaky kemçilikler sebäpli, raýatlary sanjym etmäge çagyryp bilmeýär.

Deutsche Welle: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli eden çykyşynda, mümkinçilikleriň deňliginiň üstünde durup geçip, karar almak etabyna zenanlaryň has köp goşulmalydyklaryny beýan etdi.

Spiegel.de: ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula Fon Der Lýaýen, aprel aýyndan başlap her aý 100 million doza koronawirus sanjymyna garaşýandyklaryny habar berdi.

La Wanguardia (Ispaniýa): Ispaniýada Ministrler kabinetiniň mejlisiniň, syýahatçylyk we söwda pudaklary üçin 11 million ýewrolyk kömek bukjasyny sişenbe güni tassyklamagyna garaşylýar.

La Pagina (Boliwiýa): Boliwiýada welaýat saýlawlary: Berilen sesler, oppozisiýanyň merkezi sebitlerdäki öňe gidişliklerini orta goýar.

Prensa Latina (Kuba): Wenseualanyň Wise-prezidenti Delsi Rodriges, şu gün Kuba iş saparyny guramagyna garaşylýar.

Le Parisien (Fransiýa): Kowid-19: Fransiýa Slowakiýa 15 müň doza AstraZeneca sanjymyny ugratdy.

Le Figaro (Fransiýa): Şweýsariýada geçirilen referendumda başatgyç gadagançylygy azajyk tapawut bilen kabul edildi.

France 24 (Fransiýa): Koronawirus: Britaniýada we Germaniýada çäklendirmeler gowşadyldy.

TASS: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, 8-nji mart Halkara zenanlar gününi, hakyky gymmatlyklary we ahlak şertlerini goramak üçin gowy bir däp hökmünde garaýar.

RIA Nowosti: Nebitiň Brent görnüşiniň bahasy 71 dollardan geçdi.

Kommersant: ABŞ, SolarWinds programmasyna garşy guralan hüjüme jogap hökmünde öňümizdäki 3 hepdäniň içinde rus internet torlaryna garşy kiber hüjümler guramagy meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn