Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Düstur gazedi (Iordaniýa): Jöhit ýaşaýjylar, Ysraýylyň polisiýa işgärleriniň gorag astynda Aksa metjidinde Talmud atly dini çärelerini geçirdiler.

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa): Tunis Ýewropa bikanun göçüň has giňişleýin ara alynyp maslahatlaşylmagy barada çagyryş berdi.

Al-Raýa al-Katariýýa gazedi (Katar): Katar we Ukraina 2 ylalaşyk we 7 özara düşünişmek baradaky memorandum bilen hyzmatdaşlyklaryny güýçlendirdiler.

Bild.de: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, özüni 2036-njy ýyla çenli hökümediň başynda saklajak kanuna gol çekdi.

Deutsche Welle: Gibraltar indi maskasyz. Ähli ilatyny Kowid-19-a garşy sanjym etdiren Gibraltar, raýatlaryny şeýlelik bilen köpçülikleýin immunitet bilen üpjün etdi.

ard.de: Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson koronawirus epidemiýasynda iňlisleriň daşary ýurt syýahatlary üçin entek biraz sabyr etmekleriniň gerekdigini belledi.

La Wanguardia (Ispaniýa): Ispaniýada Kowid-19-a garşy dowam edýän köpçülikleýin sanjym tapgyry, entek epidemiýanyň 4-nji tolkunynyň öňüni alyp bilenok.

El Pais (Ispaniýa): Kowid-19: Wirusa ýoluganlaryň 10 göteriminde, keseliň hötdesinden gelenlerinden ençeme aý soň hem simptomlary görülmäge dowam edilýär.

Infobae (Argentina): Aprel aýynyň ilkinji günlerinde Günorta Amerika materiginde ýerleşýän Urugwaý döwleti, dünýä derejesinde adam başyna iň köp Kowid-19 sanjymyny etdiren ýurt boldy.

Le Parisien: Fransiýanyň Ykdysadyýet ministri Bruno Le Mer, Air France howa ýollary kärhanasyna 4 milliard ýewrolyk täze kömek bukjasynyň beriljekdigini mälim etdi.

Le Figaro: Kowid-19: Portugaliýada muzeýler we teraslar ýaňadandan açylýar, Britaniýanyň paýtagty London şäherinde bolsa dükanlaryň ýaňadandan açylmagy meýilleşdirilýär.

France 24: Kowid-19: Fransiýa öz topraklarynyň çäginde sanjym öndürmäge başlar.

Gazeta.ru: ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Russiýadan Ukraina serhedindäki harby hereketliligi barada beýanat bermegini isledi.

RIA informing: Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Donbassdaky ýagdaýyň dartgynlaşmagy sebäpli, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen söhbetdeş bolup, Ukraina goşmaça Bayraktar TB2 uçarmansyz howa ulaglaryny ugratmagyny islär.

RBK: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, ýurdyň Prezidentligine ýaňadanda dalaşgär bolup bilmeginiň öňüni açýan täze kanuna gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň meşhur otluly syýahatlary
Iwan Aýwazowskiniň Çeperçilik sungaty muzeýindäki eserleri onuň duýgy taýdan dartgynly we nepis şahyrana döredijiligi bilen tanyşdyrýar
Täze ýaryşa badalga berildi
EUR0 2020-ä badalga berildi
EURO 2020 -niň SAÝLAMA TAPGYRY