
“Doçe Welle” Germaniýanyn Saglygy goraýyş ministri Ýens Spanyň Germaniýanyň, Ýewropada Derman senagaty gullgy EMA tassyklan halatynda Moskwa bilen Sputnik W sanjymynyň satyn alynmagy üçin gepleşik geçirmegi meýilleşdirýändikleri hakyndaky sözlerine ýer berýär.
“ZDF” Braziliýada koronawirusyň ilkinji gezek Günorta Afrikada gabat gelinen görnüşiniň hasaba alynandygyny belleýär.
“ARD” Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Ukrainanyň gündogarynda başdan geçirilýän dartgynlygyň çözülmegi barada telefon arkaly pikir alyşandygyny nygtaýar.
“Elguds Alarabi” “Türkiýe, ÝB-nyň başlygy bilen arabaglanşykly jedelleşige jogap berdi. Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: “ÝB tarapyndan tassyklanan protokol düzgünine görä hereket edildi diýýär”diýip ýazýar.
“Elraýa” Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamad Al Sani bilen Sudanyň Özygtyýarlylyk geňeşiniň başlygynyň özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşandygyny habar berýär.
“Eldustour”, ABŞ-nyň esgerlerini Yrakdan yzyna çekmegi kabul edendigini aýan edýär.
“Le Figaro” Fransiýada 10 million adama Kowid-19 sanjymynyň birinji dozasynyň edilendigini, AstraZeneca sanjymyna bolsa alada bildirilýändigini nygtaýar.
“El Mundo” İspaniýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň 60-69 ýaş aralygyndaky raýatlara Astra Zeneca sanjymynyň edilmegi barada karar kabul edendigini habar berýär.
“La Žornada”, Meksikadan ABŞ-na göçen çagalaryň sanynyň gün saýyn artýandygyny we mart aýynda 19 müňden gowrak çaganyň gümrük geçelgelerinde saklanandygyny nygtaýar.
“Wedomosti” gazeti, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň, Prezident Jo Baýdeniň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putini “ganhor” hökmünde häsiýetlendirip biljekdigi we şol bir wagtda hem onuň bilen işleşip biljekdigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.
“Gazeta.ru” Rus syýasatçylaryň, ABŞ-nyň “Ukraina goldaw bermek üçin Garadeňize harby gämi ugradyp biljekdigi barada öňe sürülýän garaýyşlary analiz edendigini belleýär.