Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

zdf.de: Germaniýanyň ähli ýerinde koronawirus epidemiýasyna garşy şol bir öňüni alyş çäreleriň görülmegini öz düzüminde jemleýän kanun taslamasy Mejlisde kabul edildi.

Welt.de: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Günbatara ýurdunyň gyzyl çyzygyndan geçmezlik barada duýduryş berdi.

spiegel.de: Ýewropa Bileleşigi kömürturşy gazyň 2030-njy ýyla çenli, 1990-njy ýyldaky derejesine garanyňda 55 göterim azaldylmagynyň üstünde ylalaşdy.

Alraýa: Katar, Türkiýe we BMG Stambul konferensiýasynyň yza süýşürilendigini habar berdiler.

Aljazeera: Çad: Oppozisiýa Çadyň Prezidenti Idris Debynyň öldürilmeginden soň Harby Geňeşi ret etdi. Halkara güýçler bolsa parahatçylykly geçiş etabynyň bolmagy barada çagyryş berdi.

Alkudus Alarabi: Siriýanyň Himiki ýaraglaryň gadagan edilmegi guramasyny agzalygy Asada tabynlykdaky güýçleriň himiki hüjümleri sebäpli ýatyryldy.

El Pais (Ispaniýa): Madritde 4-nji maýda geçiriljek ýerli parlament saýlawlaryndan ozal göni efirde ýüz-ýüze gelen dalaşgärler Kowid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sanyny biri-birlerine garşy ulandylar.

El Uniwersal (Meksika): Resmiler Hidalgo ştatynda Kowid-19 epidemiýasynyň azyndan 3 görnüşiniň hasaba alynandygy barada duýduryş berdi.

Milenio.com (Meksika): ABŞ-nyň Wise-prezidenti Kamala Harris, iýun aýynda Meksika sapar gurar.

Le Monde: Kovid-19: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, AstraZeneka sanjymy bilen bagly ähtibarsyzlygy ortadan aýyrmak isleýär.

France 24: Emmanuel Makron, Çadyň Döwlet baştutany Idriss Debynyň jynaza çäresine gatnaşar.

Le Figaro: Hindistan wirusa ýolugýan adamlaryň sany boýunça rekord goýdy, soňky 24 sagatda takmynan 315 müň adam wirusa ýolukdy.

Ria Nowosti agentligi: Russiýanyň Feredasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Federal mejlisde eden çykyşynda, Russiýa garşy prowokasiýa taýarlygynda bolanlary şol syýasatyň oňaýsyz netijeleri barada duýduryş berdi.

Izwestiýa Gazedi: Çehiýanyň Daşary işler ministri Ýakup Kulhanek, ýurtdan çykarylan çehiýaly diplomatlaryň Russiýa gaýdyp barylmagynyň kabul edilmegini talap etdi. TASS Agentligi: Russiýa ABŞ-nyň ilçihanasyndaky 10 işgäri ýurtdan çykarýar. ABŞ-nyňMoskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bolsa Moskwadaky ýaşaýan ýerini terk etdi.

Ýene degişli makalalar

HRW: ABŞ-Merkezi Aziýa sammitinde sebitdäki repressiýa meselesi gozgalmaly
Diktatoryň ölümi: awtoritar hökümdar ýogalansoň, näme bolup geçýär?
Bilermenler iň meşhur el telefonlaryny saýladylar
Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar
“Oppo”-nyň täze enjamlary
Idlibe howa hüjümi guraldy
'Türkmen depderleri'. Dürli ýurtlardan bolan aktiwistler başga pikirliligiň türkmen taryhyna degişli proýekt döretdi